Rekord däl, medal döwüldi: Olimpiadada şwesiýaly lyžaçynyň kümüş medaly üçe bölündi

  • 08.02.2026 13:57
  • 9.3k+

Italiýada geçirilýän 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynda şwesiýaly lyžaçy Ebba Anderssonyň kümüş medaly skiatlon ýaryşyndan soňky sylaglaýyş dabarasynyň edil yz ýanynda döwüldi. Bu barada SVT teleýaýlymy habar berýär.
Andersson 10 km aralyga klassik hem erkin usulda geçirilen ýaryşda öz watandaşy Frida Karlssondan 51 sekunt yza galyp, ikinji ýeri eýeledi. Sylaglaýyş dabarasyndan soň, olimpiýa çempionynynyň yzyndan ýetjek bolup ylgap barýan türgen gyzyň medaly lentasyndan sypyp, garyň üstüne gaçypdyr-da, bölek-bölek bolupdyr.  
«Içimden: «Bu näme boldugyka?! Nähili elhenç ýagdaý...» diýip pikir etdim. Soňra medalyň böleklerini ýygnajak boldum, emma üç bölegiň biri başga tarapa uçup gitdi, häzirem şo ýerlerde ýatan bomaly. Ahyry gözlemämizi goýduk. Guramaçylar şeýle ýagdaýlar üçin ätiýajy göz öňüne tutandyr-da hernä» diýip, Andersson SVT teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.
Biz Milandaky we Kortina-d'Ampessodaky gyşky Olimpiýa oýunlarynyň medallarynyň nähili we nämeden ýasalandygy barada ozalky habarlarymyzyň birinde-de aýdyp geçipdik.

XXV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy 7-nji fewrala geçilýän gije bolupdy. Ýaryşlar 22-nji fewralda tamamlanar.


27.05.2026 18:20
7.1k+

Italiýanyň çempionatynda tälimçi duranok: «Milan» Allegrini işden boşatdy, Konte «Napoliden» gitdi

Italiýanyň A Seriýasynda 2025/26 möwsüm diňe bir «Interiň» ýeňşi we «Komo» klubunyň taryhy üstünligi bilen däl, eýsem top-klublaryň arasyndaky nobatdaky giň gerimli özgertmeler bilen hem jemlendi....

25.05.2026 23:07
9.1k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

14.05.2026 19:30
3.6k+

«Inter» finalda «Lasio» toparyny utup, onunjy gezek Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy

Milanyň «Inter» kluby 2025/2026 möwsüminiň Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň final duşuşygynda Rimiň «Lasio» toparyny 2:0 hasabynda utdy. «Neradzurri» bu kubogy öz taryhynda onunjy gezek gazandy....

10.05.2026 12:29
4.4k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......