Italiýanyň çempionatynda tälimçi duranok: «Milan» Allegrini işden boşatdy, Konte «Napoliden» gitdi

  • şu gün 18:20
  • 2.1k+

Italiýanyň A Seriýasynda 2025/26 möwsüm diňe bir «Interiň» ýeňşi we «Komo» klubunyň taryhy üstünligi bilen däl, eýsem top-klublaryň arasyndaky nobatdaky giň gerimli özgertmeler bilen hem jemlendi.

Käbir klublar üstünlikli taslamalaryny berkidýän wagty, beýlekiler ýene-de tälimçileri bellemek, işden boşatmak we täze ugur gözlemek boýunça “basga” düşýärler.

Durnuksyzlygyň esasy nyşany hökmünde «Milan» galýar. Massimiliano Allegriniň topary üçin çempionatyň jemleýji bölegi başa barmady. Klub soňky on oýnuň altysynda utuldy. Aýgytlaýjy oýunda bolsa hatda hiç utuga zerurlygy bolmadyk «Kalýariden» hem ýeňildi. Hut şu şowsuzlyk «Komo» toparyna Çempionlar ligasyna çykmaga ýol açdy, «Milan» bolsa möwsümi bäşinji orunda tamamlady.

Şundan soň klubuň eýesi Jerri Kardinale giň gerimli «saýhallama» geçirdi: klubdan diňe Allegri däl, eýsem sport direktory Igli Tare, baş direktor Jorjo Furlani we tehniki direktor Jefri Monkada hem gitdiler.

Täze özgertmelerde esasy orun indi Zlatan Ibragimowiçe degişli. Italiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, täze tälimçiniň dalaşgärligini hut şol kesgitleýär. Göz öňünde tutulýan saýlawlaryň hatarynda Hawi, Tiago Motta, Andoni Iraola we Winçenso Italýano bar.

Şol bir wagtyň özünde, Antonio Konte iki möwsümden soň «Napoli» bilen hoşlaşdy. Işlän döwründe ol topar bilen Italiýanyň çempionatyny we Superkubogyny gazandy. Indi neapollylar täze tälimçi gözleýärler: esasy dalaşgärler hökmünde ýene-de şol Italýano we Iraola hasaplanýar.

Ýene bir uly öwrülişik — Jennaro Gattuzonyň «Lasio» toparyna bellenmegi mümkin. Bu barada Fabrisio Romano habar berýär, bu bolsa ähtimallygyň 95 göterime barabardygyny aňladýar. Rimliler agyr möwsümden, şeýle hem transfer gadagançylygy, içerki gapma-garşylyklar we tälimçiniň klubuň prezidenti Klaudio Lotito bilen hemişelik düşünişmezlikleri sebäpli Mauritsio Sarri bilen hoşlaşýarlar.

Şeýle-de bolsa, Sarri uzak işsiz galmaz. Ol «Atalantada» işlemäge ýakyn. Häzirki tälimçi Raffaele Palladino, toparyň ýewrokuboklara çykmagyna we möwsümiň dowamyndaky ep-esli öňegidişligine garamazdan, Bergamony terk edýär. Klubda «Atalantany» çempionatda ýedinji orundan has gowusyna mynasyp hasaplaýarlar. Tälimçi bilen bilelikde dolandyryş gurluşy hem üýtgeýär: sport direktory Toni D'Amiko «Roma» geçýär, onuň ornuna bolsa Kristiano Juntoli gelmeli.

Umumy durnuksyzlygyň çäginde «Inter», «Komo», «Roma» we «Ýuwentus» seýrek ýagdaýda durnukly görünýärler. «Roma» Jan Pýero Gasperini bilen hoşlaşmakçy däl. Turinde hem, möwsümiň şowsuz tamamlanandygyna garamazdan, Luçano Spallettä bil baglaýarlar.

Agyr 2025-nji ýyldan soň, «Inter» dessine öňdäki orunlara dolanmagy başardy. Kristian Kiwu özüniň ilkinji möwsüminde Italiýanyň çempionatyny we ýurduň Kubogyny gazandy, şol bir wagtyň özünde toparyň düzümini kem-kemden täzelemäge başlady.

Rumyniýaly hünärmen Simone Indzaginiň mirasyny düýpli üýtgetmedi, ýöne ýaş oýunçylary ökdelik bilen goşdy we topary ýaşartmaga başlady. Möwsümiň dowamynda Petr Zelinskiýniň roly ep-esli ýokarlandy, Petar Suçiç we Françesko Pio Espozito toparyň oýnuna gowy goşuldy, goragda bolsa Manuel Akanji berkedi.

Şol bir wagtyň özünde, «Interiň» geljegi baradaky soraglar açyk galýar. Liderleriň ýaşy barha bildirip başlaýar: Genrih Mhitaryan, Françesko Açerbi, Stefan de Wreý we Ýan Zommer özleriniň iň gowy ýyllaryny tamamlamaga ýakynlaşdylar. Şonuň üçin özgertmeler diňe başlanýar.

Şeýle-de bolsa, A Seriýada milanlylar möwsümiň iň durnukly topary bolup göründiler. Olar pes derejeli garşydaşlaryna garşy ynamly utuk topladylar we bäsdeşleriniň durnuksyzlygyndan peýdalandylar.

«Komo» möwsümiň esasy açyşy boldy. Sesk Fabregasyň topary taryhda ilkinji gezek Çempionlar ligasyna çykdy we Italiýanyň iň köp ara alnyp maslahatlaşylýan taslamalarynyň birine öwrüldi. Ýaňy ýakynda klub höwesjeňler ligasynda oýnan bolsa, bary-ýogy iki ýyl ozal ikinji diwizionda çykyş edýärdi.

Klub ýaş oýunçylara, ökde seleksiýa we hüjüm edýän futbola bil baglady. Möwsümiň nyşanlarynyň biri Madridiň «Realy» tarapyndan yzyna gaýtaryljak Niko Pas boldy.


şu gün 10:11
4.6k+

Dünýä çempionatynyň resmi topuna her oýundan öň zarýad bermeli bolar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň Adidas kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan resmi topy TRIONDA ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek içine oturdylan ýörite hereket sensoryna eýe boldy we ol her oýnuň......

25.05.2026 23:07
7.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

25.05.2026 20:46
5.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
5.2k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....