Kümüşden we galyndylardan ýasalan altyn: 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiadasynyň ýeňijilerine näme gowşurylar?

  • 02.02.2026 13:33
  • 3.6k+

Islendik türgeniň iň uly arzuwlarynyň biri - Olimpiýa oýunlarynyň medalyny gazanmak. Adatça şeýle arzyly medalyň dizaýny ýaryşyň ideýasyny we guramaçy ýurduň medeniýetini şöhlelendirýär. Italiýa bolsa bu ýyl Milandaky we Kortina-d’Ampessodaky 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiadasy üçin ýönekeý we nepis konsepsiýany saýlady.
Şunlukda her bir medal iki bölekden ybaratdyr. Onuň öň tarapynyň ýarysy tekiz, ýarysy bolsa digir-digir edilip ýasalan. Arka tarapynda Oýunlaryň nyşany we baýragyň haýsy ugur boýunça gazanylandygy baradaky maglumat ýerleşdirilipdir. Bu ikä bölünişik oýunlary kabul edýän iki şäheriň birleşmegini, şeýle-de agzybirlik we ýeňşe barýan bilelikdäki ýol diýen manyny aňladýar.
Guramaçylar bu gezek ekologiýa arassalygyna hem aýratyn üns berdiler. Medallar gaýtadan işlenilen materiallardan taýýarlanyldy. Olaryň metaly Italiýanyň Döwlet teňňe hanasynyň we poligrafiýa institutynyň önümçilik galyndylaryndan alnypdyr, zikgelenme işleri bolsa gaýtadan dikeldilýän energiýa arkaly işleýän induksion peçlerde alnyp barlypdyr.
Medallaryň düzümi:

  • Altyn medallar 999-njy proba kümüşden ýasalyp, ýüzüne 6 gram sap altyn çaýyldy.
  • Kümüş medallar çaýylmazdan, şol bir düzümden ybarat.
  • Bürünç medallar mis garyndysyndan taýýarlanyldy.

Olimpiýa oýunlarynda sportuň birnäçe görnüşi boýunça baýraklary bir wagtda birnäçe türgeniň alýandygyny göz öňünde tutup, jemi 116 ugur boýunça 245 sany medal toplumy taýýarlanyldy. 


düýn 20:10
5.6k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

20.06.2026 20:28
15k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......