Italiýada 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy: Ol nähili geçdi?

  • şu gün 09:33
  • 827

7-nji fewrala geçilýän gije Italiýada XXV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Taryhda ilkinji gezek bu çäre bir wagtyň özünde birnäçe şäherde — Milan, Kortina-d’Ampesso, Predasso we Liwinýo şäherlerinde geçirildi. Esasy dabara Milandaky meşhur «San-Siro» stadionynda boldy.

Milandaky şüweleň «La Skala» teatrynyň balet mekdebiniň tansçylarynyň çykyşy bilen açyldy. Soňra sahnada beýik italýan kompozitorlary — Juzeppe Werdi, Jakomo Puççini we Joakkino Rossini keşbindäki artistler peýda boldy.

Amerikaly pop-aýdymçysy Meraýa Keri Domeniko Modunýonyň meşhur «Volare» («Nel blu, dipinto di blu») aýdymyny hem-de özüniň «Nothing is impossible» kompozisiýasyny ýerine ýetirdi.

Dabaranyň aýratyn bir bölümi 2025-nji ýylyň sentýabrynda aradan çykan dünýä belli modelýer Jorjo Armaniniň ýadygärligine bagyşlandy. Milli baýdagyň reňklerindäki lybaslar bilen geçirilen defile dizaýnere bolan uly hormaty görkezdi.
Italiýanyň döwlet gimnini Laura Pauzini ýerine ýetirdi.

«Ak lotos» serialynyň ýyldyzy Sabrina Impaççiatore dürli döwürleri janlandyrýan joşgunly çykyş etdi.
Aktrisa Brenda Ladijani "bozulan mikrofon" bilen bagly gülküli sahna görkezip, italýanlara mahsus meşhur el hereketleri arkaly tomaşaçylaryň göwnüni açdy we soňunda «Welcome to Italy!» diýip gygyrdy.
Meşhur aktrisa Şarliz Teron hem sahnada peýda bolup, Oýunlaryň diňe bir sport däl-de, ondan has uly ähmiýete eýe bolmagyny arzuw edip, "bütindünýä parahatçylygyna" çagyrdy.
Italiýanyň Prezidenti Serjo Mattarella Olimpiadany açyk diýip yglan etdi. Şol pursatda dünýä belli tenor Andrea Boçelli aýdym aýtdy.


Olimpiýa alawy bir wagtyň özünde iki sany okarada - Milanda dag lyža sporty boýunça üç gezek Olimpiýa çempionlary Alberto Tomba we Debora Kompanýoni tarapyndan, Kortina-d’Ampessoda bolsa 2018-nji ýylyň Olimpiýa çempiony Sofýa Goja tarapyndan ýakyldy.
Dabara ajaýyp feýerwerk bilen tamamlandy. Çäräniň guramaçysy öň 14 sany Olimpiýa dabarasyny taýýarlan Marko Baliçiň ýolbaşçylygyndaky «Balich Wonder Studio» kompaniýasy boldy.


05.02.2026 19:23
5.4k+

Snup Dog, Fabregas, Ibragimowiç… Sport we şou-biznes ýyldyzlary 2026-njy ýylyň Olimpiada estafetasyna gatnaşýarlar

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň estafetasy Italiýanyň Gallarate, Busto-Arsisio, Lenýano, Saronno, Sewezo, Dezio, Monsa we Komo ýaly şäherlerinden geçdi. Alaw göterijileriň arasynda diňe bir sport ýyldyzlary däl, eýsem şou-biznesiň meşhur adamlary hem bar: reper Snup Dog, NBC üçin reportažlar taýýarlan we ýapylyş dabarasyna gatnaşan Pariždäki tejribesini gaýtalap, ýene-de fakel göterdi...

02.02.2026 13:33
3.1k+

Kümüşden we galyndylardan ýasalan altyn: 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiadasynyň ýeňijilerine näme gowşurylar?

Islendik türgeniň iň uly arzuwlarynyň biri - Olimpiýa oýunlarynyň medalyny gazanmak. Adatça şeýle arzyly medalyň dizaýny ýaryşyň ideýasyny we guramaçy ýurduň medeniýetini şöhlelendirýär. Italiýa bolsa bu ýyl Milandaky we Kortina-d’Ampessodaky 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiadasy üçin ýönekeý we nepis konsepsiýany saýlady...

27.01.2026 01:06
1.2k+

Aziýanyň ýetginjekler oýunlary 2029-njy ýylda Daşkentde geçiriler

Daşkent şäherinde Aziýa Olimpiýa geňeşiniň (AOG) 46-njy Baş assambleýasy geçirilýär. Çäräniň birinji gününiň esasy çözgüdi Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheriniň 2029-njy ýylyň Aziýanyň ýetginjekler oýunlarynyň paýtagty diýlip resmi taýdan tassyklanmagy boldy...

26.01.2026 17:25
4k+

Türkmenistan Daşkentde geçirilýän Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş assambleýasyna gatnaşýar

26-njy ýanwarda Özbegistanyň paýtagtynda 45 döwletden wekiliýetleriň gatnaşmagynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) 46-njy Baş assambleýasy geçirilýär. Bu halkara sport çäresinde Türkmenistana ýurduň Milli Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Ata Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet wekilçilik edýär...