«Inter» finalda «Lasio» toparyny utup, onunjy gezek Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy

  • 14.05.2026 19:30
  • 3.6k+

Milanyň «Inter» kluby 2025/2026 möwsüminiň Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň final duşuşygynda Rimiň «Lasio» toparyny 2:0 hasabynda utdy. «Neradzurri» bu kubogy öz taryhynda onunjy gezek gazandy.

Bu ýeňiş arkaly «Inter» ýaryşda gazanylan titullaryň sany boýunça arassa ikinji orna çykdy. Ol bu görkeziji boýunça diňe 15 gezek ýeňiş gazanan Turiniň «Ýuwentus» klubundan yza galýar.

Final duşuşygynyň ykbaly birinji ýarymda çözüldi. Oýnuň 14-nji minutynda rimlileriň goragçysy Adam Maruşiç topy öz derwezesine girizdi, 35-nji minutda bolsa hüjümçi Lautaro Martines milanlylar üçin hasaby ikä çykaryp, duşuşygyň gutarnykly hasabyny kesgitledi.

Mundan ozal «Inter» bu kuboga 1938/1939, 1977/1978, 1981/1982, 2004/2005, 2005/2006, 2009/2010, 2010/2011, 2021/2022 we 2022/2023 möwsümlerinde mynasyp bolupdy.

Geçen möwsümde kubogy «Milan» toparyny 1:0 hasabynda utan «Bolonýa» aldy.

Toparlaryň häzirki ýaryşyň finalyna çenli geçen ýoly aňsat bolmady. Ýarym finalda «Inter» iki duşuşygyň netijesi boýunça «Komo» toparyny 3:2 hasabynda utdy. «Lasio» bolsa, öz gezeginde, esasy wagty deňme-deň tamamlanan (3:3) oýunda «Atalantany» penalti tapgyrynda (2:1) utup, finala çykmagy başardy.


düýn 22:49
2.5k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.4k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
12k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......