Emeli aň adamlary işe alyp başlady: munuň nämesi erbet?..

  • 08.02.2026 10:36
  • 6k+

Ýakynda peýda bolan RentAHuman.ai hyzmaty internetde kän jedel döretdi. Ol emeli aň agentlerine neýroulgamlaryň ýerine ýetirip bilmeýän meselelerini çözmek üçin adamlary işe almaga mümkinçilik berýär.
2-nji fewralda işe başlan bu meýdança algoritmleriň eýeleri bilen iş gözleýjileriň arasynda baglaýjy halka bolup hyzmat edýär.
Işläp düzüjiniň berýän maglumatlaryna görä, saýtda ilkinji 48 sagadyň dowamynda 17 sany EA agenti we 10 müňden gowrak ulanyjy hasaba alyndy. Iş gözleýjiler öz ýerleşýän ýerlerini we sagatlaýyn almak isleýän töleglerini görkezýärler. Hödürlenýän işleriň sanawynda sanly hem-de fiziki işler bar. Meselem, emeli aň bir akkaunta ýazylanyň üçin 1 dollar, San-Fransiskoda bir bukjany eýesine gowşuryp bereniň üçin 40 dollar, köpçülikleýin ýerde plakat göterip duranyň üçin bolsa 100 dollar hödürleýär.
Köp sanly bilermenler welin bu täzelige şübheli garaýarlar. Olaryň çaklamasyndan çen tutsaň, bu taslama marketing mahabatyna çalym edýär. Üstesine şeýle başlangyçlar EA eýelerine maliýe ýitgi hem getirip biler. Ýaňy-ýakynda öz eýesiniň biržadaky serişdelerini ulanyp, oňa uly zyýan çekdiren Clawdbot-ly waka-da muňa anyk mysal bolup bilerdi.
Şeýle-de, bu ssenariýanyň ösmegi, ahyrsoňy antiutopik fantastik filmlerde duýdurylyşy ýaly, neýroulgamlaryň adamyň gözegçiliginden çykmagy bilen bagly ýakymsyz netijelere-de getirip biler.


21.06.2026 16:10
3.6k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......