«Barselona» dört ýyldan soň Superligadan çykyp, «Realy» ýeke galdyrdy

  • 09.02.2026 00:09
  • 8.8k+

«Barselona» futbol kluby Ýewropanyň Superligasy taslamasyndan çykýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu çözgütden soň, Madridiň «Realy» taslama gatnaşmagyny resmi dowam etdirýän ýeke-täk klub bolup galdy.
Superliganyň döredilýändigi barada 2021-nji ýylyň ýazynda yglan edilipdi. Ony öňe sürenler hökmünde Ýewropanyň öňdebaryjy 12 kluby çykyş etdi, ýaryşyň özi bolsa häzirki yklym ýaryşlaryna alternatiwa hökmünde görkezildi. UEFA bu taslama dessine garşylyk bildirip, sanksiýalar bilen haýbat atdy. Netijede, esaslandyryjy klublaryň köpüsi iki günüň içinde Superligany terk etdi.

Häzirki wagta çenli taslamanyň agzalary hökmünde diňe «Barselona» we «Real» hasaplanylýardy. Turiniň «Ýuwentus» topary 2023-nji ýylyň iýunynda ondan çykdy. Soňra galan klublar A22 Sports Management kompaniýasyny döredip, UEFA bilen kazyýet arkaly çözülişmäge başlady.
2024-nji ýylyň dekabrynda taslamanyň ady Unify League diýlip üýtgedildi. 2025-nji ýylyň oktýabrynda Madridiň kazyýeti UEFA-nyň erkin bäsdeşlik düzgünlerini bozandygyny tassyklady. «Real» bolsa guramadan 4,5 milliard ýewro möçberinde öwez tölegini talap etmekçidigini aýtdy.


düýn 15:42
6.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......