Okuwçy robototehnikaçylar Astanadaky ýaryşa ugradylar: maksat — ABŞ-daky dünýä finalyna çykmak

  • 08.02.2026 16:55
  • 4.5k+

Türkmenistanyň zehinli mekdep okuwçylarynyň 10-sy Gazagystanyň Astana şäherine ugrady. Olar 2026-njy ýylyň 10-13-nji fewraly aralygynda geçiriljek FIRST Tech Challenge (FTC) halkara çempionatynyň sebitleýin tapgyryna toparlaýyn esasda gatnaşarlar.
Gazagystanyň paýtagtynda geçiriljek bäsleşige 400-den gowrak dalaşgäriň arasyndan saýlanan iň güýçli 60 topar gatnaşar. Ýaş robototehnikaçylarymyzyň esasy maksady — bu ýaryşda ilkinji üçlüge girip, ABŞ-nyň Hýuston şäherinde geçiriljek dünýä finalyna gatnaşmaga hukuk gazanmakdyr.
Bäsleşigi ABŞ-nyň First Global guramasy geçirýär. Ýaryşyň şertlerine görä, okuwçylar öz ýasan awtonom robotlarynyň kömegi bilen çylşyrymly tehniki ýumuşlary ýerine ýetirmeli bolarlar. Ýaş inženerlerimiz bu halkara ýaryşa paýtagtymyzdaky «Kämil bilim» okuw merkezinde taýýarlyk gördüler.
Bäsleşikde ýurdumyza wekilçilik edýän toparlaryň düzümine Aşgabatdaky mekdepleriň okuwçylary girýär:

  • «Oguzrobot» topary: ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçylary Aýnagözel Keýmirowa, Oraznyýaz Rejepow, Nepesaly Täçmyradow, Nuraly Kerimow hem-de ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň okuwçysy Nazar Jumamyradow.
  • «Erjeller» topary: ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçylary Dürdäne Kurbanowa, Arslan Babajyýew, Pirnazar Ataýew hem-de ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň okuwçylary Orazmuhammet Merdanow we Meýlis Baýryýew.

Geçen ýyl Türkmenistanyň wekilleri Astanada geçirilen bu bäsleşikde ilkinji gezek çykyş edip, «Halkara üstünlik» baýragyna mynasyp bolupdylar. Bu ýyl ýurdumyzdan iki toparyň gatnaşmagy ýaşlarymyzyň ýokary tehnologiýalara bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygyny görkezýär.


düýn 18:12
5k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 16:37
4.6k+

Döwlet Baştutany TYA-nyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça......

düýn 16:35
5.8k+

Türkmenistanyň Prezidentine ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady dakyldy

Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça......

düýn 07:55
2.5k+

Oguz han adyndaky ITU daşary ýurt uniwersitetleri we kompaniýalary bilen 5 şertnama baglaşdy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 10-11-nji iýun aralygynda Ylymlar güni mynasybetli «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat......