Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

  • 08.02.2026 21:15
  • 963

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy.

Paýlaşylan suratlardan görnüşi ýaly, Copilot interfeýsi ulgamyň sazlamalary doly gutarylmazdan öň işjeňleşýär. Çat-bot Windows-yň gurnalmagyna päsgelçilik bermeýär. Ulgam arkaly gurnama dowam edýän wagty, ulanyjy Copilot-a sorag berip ýa-da beýleki funksiýalary synap bilýär.
Bu çözgüt ulanyjynyň garaşýan wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmegi üçin niýetlenen diýlip çaklanylýar.

Häzirki zaman kompýuterlerinde Windows-y gurnamak adatça 10 minutdan köp wagt almaýan hem bolsa, Microsoft bu gysga wagtyň içinde ulanyjy bilen aragatnaşyk saklamagy maksat edinýär.
Mundan ozal hem kompaniýa garaşylýan pursatlary doldurmak üçin şuna meňzeş usullary ulanypdy. Mysal üçin, Edge brauzerinde internet birikmesi bolmadyk wagty oýnamak üçin niýetlenen "Edge Surf" oýnuny ýatlamak bolar. Indi bolsa Microsoft oýunlaryň deregine has akylly we kömekçi ulgamlary hödürleýär.


11.06.2026 23:59
6.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....