Blackpink toparyndaky Lisa komediýada surata düşer

  • 08.02.2026 13:15
  • 3k+

Blackpink k-pop toparynyň aýdymçysy Lisa Netflix tarapyndan taýýarlanylýan romantik komediýada keşp janlandyrar. Bu barada Elle žurnaly habar berýär.
Bu film aýdymçynyň ikinji aktýorlyk işi bolar. Ol ekrandaky ilkinji ädimi «Ak lotos» serialynyň üçünji möwsümindäki Mukuň keşbinde ädipdi.
Lisa täze filmiň üstünde ady agzalan serialyň prodýuseri Dewid Bernad bilen bilelikde işleýär. Neşiriň maglumatyna görä, täze filmiň ideýasy hem olaryň hut şol serialy surata düşüren döwürleri döräpdir.
Taslamanyň esaslandyryjylaryny 1990-njy ýyllaryň nusgawy romantik komediýalaryna, aýratyn-da «Notting Hill» filmine bolan gyzyklanma birleşdirdi. Şondan soňra bu işe ssenariýaçy Keti Silberman hem goşuldy. Filmiň sýužeti, çykjak senesi we aktýorlar düzümi barada entek doly maglumat berilmeýär.
Bulardan başga-da aýdymçy gyz HBO-nyň söweşjeň filminde-de surata düşýär we Netflix-iň geljekki taslamalarynyň biri bolan «Taýgo» (Taigo) atly ekşn-filminde hem peýda bolar.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....