«Jeýms Webb» teleskopy iň uzakdaky «MoM-z14» galaktikasyny surata düşürdi

  • 09.02.2026 00:09
  • 2k+

Astronomlar «Jeýms Webb» kosmos teleskopunyň kömegi bilen häzirki wagtda mälim bolan galaktikalaryň iň uzakdakysyny tapdylar. «MoM-z14» diýlip atlandyrylýan bu galaktikanyň şuglasynyň Ýer şaryna ýetmegi üçin takmynan 13,5 milliard ýyllyk ýol gerek bolýar. Bu galaktika Uly partlamadan bary-ýogy 280 million ýyl soňra döräpdir.
NIRSpec ýakyn infragyzyl diapazon spektrografynyň kömegi bilen rekord derejedäki z = 14,44 gyzyl süýşmesi hasaba alyndy. Munuň özi galaktikanyň «Kosmos säheri» (Cosmic Dawn) döwrüne degişlidigini tassyklaýar.
Alymlar «MoM-z14» galaktikasynyň absolýut ultramelewşe ýalkymy 20,2 ýyldyz ululygyna deň bolan adaty bolmadyk ýagtylygyny bellediler. Irki Älemdäki şeýle ulgamlaryň dykyzlygy ««Jeýms Webb-iň» missiýasy başlanmazdan öň kabul edilen nazary modellerdäki görkezijilerden 182 esse ýokarydyr.  Bu hakykat galaktikalaryň ilkinji ýüzlerçe million ýyldaky pes massasy we gowşak ösüşi baradaky öňki düşünjelere şübhe döredýär.
Spektroskopiýa maglumatlaryna görä, «MoM-z14» galaktikasynda soňky 5 million ýylyň dowamynda ýyldyzlaryň emele gelme depgini tas 10 esse ýokarlandy. Galaktikanyň gurluşynda tozan bölejikleri ýok diýen ýaly, ýöne onda örän uly göwrümli ýaş ýyldyzlar agdyklyk edýär. Bu bolsa ultramelewşe şöhleleriniň hiç hili päsgelçiliksiz daşary çykmagyny üpjün edýän esasy sebäpdir. 


şu gün 10:53
341

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.7k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....