Alyp satarlar sebäpli bolmagy ahmal: Ýaponiýada iPhone 17 indi diňe onlaýn satylýar

  • 08.02.2026 21:23
  • 4.6k+

​Apple kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda iPhone 17 smartfonlar hatarynyň satuw modelini üýtgetdi. 2026-njy ýylyň 6-njy fewralyndan başlap, Ýaponiýadaky resmi Apple Store dükanlary iPhone 17, iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max modelleriniň göni satuwyny bes etdi.

​Indi bu enjamlary diňe onlaýn  arkaly — Apple-iň sahypasyndan ýa-da resmi goşundysyndan satyn alyp bolýar. Şunda smartfonyň belli bir dükanda bar bolmagynyň ähmiýeti ýok. Sargyt resmileşdirilip, tölegi geçirilenden soň, alyjy harydy Apple Store-dan özüniň alyp gitmegini ýa-da eltip beriji arkaly eltilmegini saýlap biler.
​Apple-iň adaty dükanlary indi sargytlary gowşuryş nokady wezipesini ýerine ýetirýärler. Kompaniýanyň goldaw gullugy munuň wagtlaýyn karar ýa-da aýry-aýry nokatlardaky synag däldigini, eýsem tutuş iPhone 17 hataryna degişli bolan täze syýasatydygyny tassyklady.
​Apple-iň beýleki önümlerine bu düzgün degişli däl. Öňki nesliň smartfonlary bolan iPhone 16-ny heniz hem adaty usulda, gönüden-göni dükanlardan satyn alyp bolýar.
​Apple satuw shemasynyň üýtgemeginiň resmi sebäplerini aýan etmän, diňe «töleg usullaryndaky üýtgeşmeler» diýen sözler bilen çäklenýär. Şol bir wagtyň özünde, bu kararyň alyp satarlara garşy göreş we sebitdäki maliýe amallaryny optimallaşdyrmak bilen bagly bolmagy ähtimal.


04.06.2026 11:45
2.3k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
8.9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....