Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

  • 27.05.2026 10:18
  • 9k+

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül boldy.

Ýangyn irden sagat 8:30 töweregi başlandy. Alaw ilki ybadathananyň esasy binasyny we onuň gapdalyndaky gurluşygy weýran etdi, soňra bolsa golaýdaky tokaýlyga ýaýrady. Herne ýangyny öçürmek başartdy we bu hadysada hiç kime zeper ýetmedi.

Taryhy maglumatlara görä, bu ebedi ody ybadathanany esaslandyryjy, meşhur budda monahy Kukaý tarapyndan ýakylypdy.

Hirosima şäherine atom bombasy taşlanandan soň, şol pajyganyň pidalarynyň hatyrasyyna gurlan ýadygärligiň ebedi ody hem hut şu Miýadzimadaky ybadathanadan äkidilipdi.

Bu ybadathana öz taryhynda birnäçe gezek ýangyna sezewar bolupdy. Hatda geçen ýylda hem tokaýlygyň guramagy sebäpli bu ýerde ýangyn döräpdi.

Ýaponiýanyň habar beriş serişdeleri şu ýylyň başyndan bäri ýurtdaky dini we taryhy binalarda ýangynlaryň sanynyň çaltlyk bilen artýandygyny belleýärler. Meselem, şu maý aýynda adamlary ýangyndan goraýar diýlip ynanylýan, 300 ýyllyk taryhy bolan «Furumaçi Atago» sintoist ybadathanasy hem ýanyp kül bolupdy. Käbir ýangynlar bolsa adamlaryň heläk bolmagyna hem sebäp boldy.


04.06.2026 11:45
2.3k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

14.05.2026 14:43
2.3k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......

08.05.2026 11:49
5.6k+

Ýaponiýada çagalaryň sany rekord derejede azaldy

Ýaponiýada çagalaryň sany azalyp, taryhdaky iň pes derejesine ýetdi. Ýaponiýanyň Dolandyryş işleri we kommunikasiýalar ministrliginiň maglumatlarynda 2026-njy ýylyň 1-nji apreline çenli ýurtda 15 ýaşdan kiçi......