Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

  • 14.05.2026 14:43
  • 2.3k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýelär.

Tokio menziliniň «Nihonbasi» çykalgasynyň garşysynda ýerleşýän, beýikligi 385 metre ýetjek bu desganyň gurluşygyny 2028-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda gurluşyk işleriniň takmynan 20 göterimi ýerine ýetirildi. Işiň iň depginli döwürlerinde meýdançada her gün 7000-e çenli hünärmen zähmet çeker.

Torch Tower binasy 62 gatdan we ýerasty 4 gatdan ybarat bolar. Onuň içinde giň ofis meýdançalary, 100-den gowrak söwda nokady we 2000 adamlyk köpugurly zal ýerleşer.

Otemati, Marunouti we Ýurakuço etraplarynda ilkinji gezek ýokary derejeli kärendesine berilýän ýaşaýyş jaýlary peýda bolar. Binanyň 53-nji we 58-nji gatlarynyň aralygynda Britaniýanyň «Dorchester Collection» kaşaň myhmanhanalar ulgamynyň Aziýadaky ilkinji şahamçasy açylar.

Binanyň adaty bir gatynyň ölçegi 97x97 metr bolup, bu futbol meýdançasynyň ölçeginden hem uludyr. Seýsmik durnuklylygy üpjün etmek üçin binanyň daşyndan diagonal pürslerden ybarat güýçlendiriji karkas ulanylýar.

300 metr belentlikde Sky Hill atly ýarym ýapyk bag-terrassasy ýerleşer, iň ýokary nokadynda bolsa Fudzi dagyna we «sinkansen» ýokary tizlikli otlularyna panoramik görnüş açylýan tomaşa meýdançasy bolar.

2027-nji ýylyň başynda gurluşygy dowam edýän bu desganyň Tokio diňinden hem belent bolmagyna, doly ulanmaga berlenden soň bolsa häzirki rekordçy bolan «Azabudai Hills» toplumyny yzda galdyrmagyna garaşylýar. Tutuş «Tokyo Torch» toplumy paýtagt bilen sebitleri birleşdirýän halka we Ýaponiýanyň geljegini yşyklandyrýan «fakel» hökmünde dizaýn edildi. Binanyň öňünde dürli medeni çäreleri geçirmek üçin futbol meýdançasynyň ululygynda açyk meýdança dörediler.


12.06.2026 01:36
5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

04.06.2026 11:45
2.3k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....