Ronaldunyň oýnamakdan ýüz öwürmegi saud Pro-ligasyna $2,4 mlrd ýitgi getirdi

  • 08.02.2026 15:40
  • 20k+

Saud Arabystanynyň Pro-ligasy özüniň okgunly ösüş döwründe iň agyr zarba bilen ýüzbe-ýüz boldy we bu wakanyň merkezinde Kriştianu Ronaldu durýar.
Speedline portalynyň habar bermegine görä, amerikan teleýaýlymy FOX Sports liga bilen hyzmatdaşlygyny bes etdi. Bu taslamadan çykan ilkinji iri halkara ýaýlym guramasy boldy. Şeýle ädimiň netijeleri hem uly boldy: çeşmäniň hasabyna görä, daşary ýurt tele-hukuklaryndan we marketingden gelýän girdejileriň azalmagy sebäpli ýitgi eýýäm 2,4 milliard dollara ýetdi.

Bu waka «Al-Nasr» toparynyň hüjümçisi bilen bagly dawanyň uzaga çekmegi sebäpli bolup geçdi. Ronaldu toparynyň soňky iki duşuşygynda meýdança çykmady, hatda oýunçylaryň sanawyna-da goşulmady. Muňa garamazdan, «Al-Nasr» olaryň ikisinde-de ýeňiş gazanmagy başardy: ilki 2-nji fewralda «Al-Riýaddan» (1:0), soňra bolsa 6-njy fewralda «Al-Ittihaddan» (2:0) üstün çykdylar. Emma klubuň janköýerleri meýdançada öz kapitanyna garaşýandyklaryny mälim etdiler.

ESPN-iň we Portugaliýanyň A Bola neşiriniň maglumatlaryna görä, 41 ýaşly hüjümçi toparyň transfer syýasatyndan närazydygy we Saud Arabystanynyň Döwlet maýa goýum gaznasy tarapyndan toparyň ýolbaşçylygyndaky üýtgeşmeler boýunça kepillikleriň ýokdugy sebäpli oýunlara gatnaşmakdan ýüz öwürýär.
Speedline bu ýagdaýyň bir klubuň ýa-da bir oýunçynyň çäginden çykýandygyny belleýär: dawanyň ösüşine ýurduň daşynda hem ünsli syn edilýär, onuň netijeleri bolsa gönüden-göni tutuş liganyň halkara abraýyna täsir edip biler.

Ronaldu 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri Er-Riýadyň «Al-Nasr» toparynda çykyş edýär. Şu möwsümde ol 22 oýna gatnaşyp, 18 gol geçirdi we üç assist etdi.
Ýakyn wagtda «Al-Nasr» Aşgabatda myhmançylykda oýnar. 11-nji fewralda klub AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň çäginde Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» topary bilen duşuşar. Toparlaryň arasyndaky jogap duşuşygy 18-nji fewralda Er-Riýadda geçiriler.


şu gün 10:24
242

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
898

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
6.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.8k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......