Apple duýdurýar: anonim çatlar App Store-den duýduryşsyz öçüriler

  • 09.02.2026 07:36
  • 1k+

Apple kompaniýasy ykjam goşundylaryny barlamak kadalaryny täzeledi we anonim ýazyşma häsiýetli hem-de «çat-ruletka» görnüşli hyzmatlary AppStore dükanynda ýerleşdirmegi gadagan etdi. Bu barada 9to5Mac portaly ýazýar.
Üýtgeşmeler programmalary barlamak boýunça gollanmanyň (App Review Guidelines) 1.2-nji bölümine girizildi. Indi kadalarda şeýle programmalaryň platformanyň talaplaryna laýyk gelmeýändigi we olaryň işläp düzüjilere öňünden duýdurylmazdan öçürilip bilinjekdigi-de gönümel görkezilýär.
Mundan ozal duýduryşsyz öçürilip bilinjek hyzmatlaryň sanawyna edepsiz mazmunly, fiziki haýbat äheňli ýa-da adamlary kemsidiji (meselem, daşky görnüşine görä ses bermek ýaly) programmalar girýärdi. Täzelenen nusgada bu sanawa gatnaşyjylaryň anonim görnüşde gürleşýän ýa-da biri-biri bilen tötänleýin usulda birikdirilýän programmalary hem goşuldy. Apple şeýle formatlaryň töwekgelçilikleri, şol sanda awtorlyk hukuklarynyň bozulmak mümkinçiligini döredýändigini belleýär.
Ekspertler bu üýtgeşmeleri goragsyz ulanyjylar üçin abanýan howplary azaltmak tagallalary bilen baglanyşdyrsalar-da, Apple-iň resmi beýanatynda çagalaryň we ýetginjekleriň goragy hakda aýratyn bir zat agzalmaýar. Mundan ozal, Awstraliýanyň «eSafety Commissioner» düzgünleşdiriji edarasynyň anonim ýazyşmalaryň howpy baradaky hasabatyndan soň, Apple we Google kompaniýalary «OmeTV» programmasyny öçüripdiler.
Mazmuny ulanyjylaryň özleri tarapyndan döredilýän, kemsidiji hereketlerden şikaýat etmek üçin gurallary ulanmak we islenilmeýän mazmuny filtrlemek ýaly beýleki programmalar üçin hökmany talaplar öňküligine galar. Täze girizilen kadalar Apple kompaniýasyna düzgün bozmalara çalt seslenmek üçin hukuk esaslaryny berýär.


09.06.2026 23:04
3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.8k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

28.05.2026 23:53
6k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....