Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

  • 03.06.2026 00:06
  • 2.3k+

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara çykarylmagynyň 2027-nji ýylyň ahyryndan ir bolmagyna garaşylmaýar diýip, «Bloomberg» neşiriniň žurnalisti Mark Gurman habar berýär.

Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, Apple bu enjamy N50 kod ady bilen işläp taýýarlaýar, ýöne gajetiň esasy funksiýalary Siri ses kömekçisiniň täze görnüşine gönüden-göni baglydyr. Bu ses kömekçisiniň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi bolsa häzirki wagtda gijikdirmeler bilen ýüzbe-yüz bolýar.

Siri ulgamynyň akylly görnüşiniň AR-äýnekleri ulanmakda esasy sütün bolmagyna garaşylýardy. Ulgam ulanyjynyň göz öňündäki obýektleri tanamaly, kontekstual maglumatlary bermeli we giňeldilen hakykat bilen baglanyşykly beýleki funksiýalary ýerine ýetirmelidi.

Mark Gurmanyň maglumatyna görä, edil şu mümkinçilikleriň doly kämilleşdirilmändigi enjamyň ozal bellenen möhletlerde bazara çykarylmagyna esasy bökdençlik boldy.

Žurnalistiň baha bermegine görä, Apple eýýäm şeýle enjamlary öndürýän iri kompaniýalaryň işleýän bazaryna girmeli bolar. Ýakyn wagtda Google we Samsung kompaniýalarynyň täze önümleriniň peýda bolmagy bilen bu ugurdaky bäsdeşlik has-da güýçlenip biler.

Gurmanyň pikiriçe, Apple kompaniýasy öz enjamyny özboluşly dizaýn, iPhone bilen berk utgaşmagy we brendiň dünýädäki meşhurlygy arkaly öňe çykarmaga synanyşar.


20.06.2026 09:37
2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.2k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......