iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

  • 28.05.2026 23:53
  • 6k+

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi.

​Ulgam smartfonuň eýesiniň elinden duýdansyz we örän çalt çekilip alnan pursadyny anyklamak üçin birnäçe datçikleri, şol sanda akselerometri (hereket datçigini) ulanar. Bu duýduryş işläp başlan badyna enjam awtomat ýagdaýda gulplanar.

​Täze funksiýa, şeýle hem, ulanyjynyň «Apple Watch» akylly sagadyna çenli bolan aralygy, öňden tanyş Wi-Fi ulgamlaryna birigişini we adamyň ýerleşýän ýerini (meselem, öýüni ýa-da iş ýerini) göz öňünde tutar. Eger ulgam çak edilýän ogurlykdan soň iPhone-yň nätanyş ýere äkidilendigini anyklasa, şahsy akkauntlara we gizlin maglumatlara giriş çäklendiriler.

​Bu täze aýratynlyk entek resmi taýdan tanyşdyrylmady.

9to5Mac neşiriniň ýazmagyna görä, onuň işlenip düzülýändigini görkezýän alamatlar operasion ulgamyň kodlarynyň içinden tapyldy.

​Android smartfonlarynda şeýle funksiýa eýýäm 2024-nji ýylda peýda bolupdy. Ol ýerdäki «Theft Detection Lock» funksiýasy hem edil şu maksat bilen işleýär. Eger siz ýöräp, ylgap ýa-da welosipedli barýarkaňyz telefonyňyz elňizden duýdansyz çekilip alynsa, emeli aň datçikleriň (akselerometr, giroskop) maglumatlaryny seljerip, muny howp hökmünde kabul edýär we ekrany gulplaýar.

​Android-de bu funksiýany nähili açmaly?

  • Android enjamyňyzda «Sazlamalar» (Настройки) bölümine giriň.
  • ​Google ➔ Ähli hyzmatlar (Все сервисы) ugruna geçiň.
  • «Ogurlykdan goranmak» (Lost device protection / Защита от кражи) bendini saýlaň.
  • ​«Ogurlygy anyklap gulplamak» aýratynlygyny işe giriziň.
  • ​Pişiklerden goranmak üçin «Cats Lock» programmasy

​Mundan başga-da, Apple kompaniýasy macOS ulgamy üçin «App Store» dükanyna «Cats Lock» diýen gyzykly goşundyny goşdy. Bu programma, eger MacBook noutbugynyň klawiaturasynyň üstüne pişik çyksa, ony awtomat gulplaýar.

​Bu programmany garaşsyz programmaçy Todd Aleksander döretdi we ony 3 dollara satyn alyp bolýar. Haýwan klawiaturanyň düwmelerine basan wagty «Cats Lock» duýduryş sesini berýär, ulanyjy bolsa bu signal üçin islän sesini goýup bilýär. Programmada hiç hili ses we wizual duýduryş bermeýän gizlin düzgün hem bar.


düýn 11:15
1.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 07:37
2.4k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....