Google Android smartfonlaryna faýllary AirDrop arkaly iPhone-a gönümel ibermegi öwreder

  • 08.02.2026 03:56
  • 1.4k+

2026-njy ýylda Quick Share funksiýasy Android smartfonlarynyň köpüsinden Apple-iň  enjamlaryna faýllary geçirmäge mümkinçilik berer diýip, Android platformasynyň inženerçilik işlenmeleri boýunça wise-prezidenti Erik Keý habar berýär. AirDrop bilen utgaşyklylygy üpjün edýän bu tehnologiýa häzirki wagtda diňe Pixel 10 seriýaly smartfonlaryň eýeleri üçin elýeterlidir.
Kompaniýanyň wekili Google-yň Taýbeýdäki ofisinde geçirilen metbugat brifinginde taslamanyň durmuşa geçirilişi hakynda giňişleýin durup geçdi. Erik Keýiň aýtmagyna görä, ulgam «Pixel» enjamlarynda synagdan geçirilenden soň, ony tutuş Android ekoulgamyna ornaşdyrmak boýunça işlere başlandy. Geçen ýyl biz AirDrop bilen utgaşyklylygy ýola goýduk. 2026-njy ýylda bolsa ony has köp enjamlara ýaýradarys diýip, Keý aýratyn belledi.
Işläp düzüjiler diňe bir iPhone bilen däl, eýsem iPad planşetleri we MacBook noutbuklary bilen hem özara gatnaşygy göz öňünde tutdular. Giň gerimli ornaşdyrmalara taýýarlyk görmegiň çäklerinde Google kompaniýasy Quick Share-i Google Play dükanynda aýratyn programma hökmünde böleklere böldi. Nothing kompaniýasy bu funksiýany goldamak islegi barada eýýäm mälim etdi, Qualcomm korporasiýasy bolsa ony «Snapdragon» prosessorly enjamlarynda amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Şunuň bilen birlikde, Google we Apple mobil platformalary çalşyrmak üçin maglumatlary geçirmegiň ýönekeýleşdirilen guralyny işläp düzýärler. Bu bolsa iOS we Android ekoulgamlarynyň arasyndaky päsgelçilikleri azaltmak ugrundaky ýene bir ädimdir.


17.06.2026 07:37
3.1k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

09.06.2026 23:04
3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.8k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

05.06.2026 23:49
2.8k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....