Ýaponiýada dolandyryjy partiýa saýlawlarda taryhdaky iň ýokary netijäni görkezdi

  • 09.02.2026 10:34
  • 2k+

Premýer-ministr Sanae Takaitiniň ýolbaşçylyk edýän Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasy (LDP) parlamentdäki 465 orundan 316-syny eýeledi. Mundan ozal ol 198 orna eýedi.
Nikkei neşiriniň ýazmagyna görä, LDP Ikinji jahan urşy tamamlanaly bäri bir partiýanyň gazanan iň köp orun sanyna eýe boldy. Edil şonuň ýaly-da bu 1955-nji ýylda esaslandyrylan Liberal-demokratik partiýa üçin şu wagta çenli iň ýokary netijedir.
LDP bilen koalisiýa giren sagçy «Ýaponiýany dikeltmek partiýasy» parlamentde 36 orun aldy. «Komeýto» we Konstitusion-demokratik partiýasynyň oppozision birleşmesiniň bolsa parlamentdäki orny 172-den 49-a çenli azaldy.
Sanae Takaiti 2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Ýaponiýanyň premýer-ministri wezipesine girişdi. 23-nji ýanwarda ol parlamentiň aşaky palatasyny dargatdy we möhletinden öň saýlawlary yglan etdi. Premýer-ministr wezipesine girişenden soň, hanym Takaiti ykdysady ösüşi höweslendirmek üçin döwlet çykdajylaryny artdyrmak we milli howpsuzlyk babatda täze kanunlary kabul etmek niýetiniň bardygyny mälim edipdi.
LDP-niň parlament saýlawlaryndaky ýeňşine ýurduň içindäki hem-de Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki ýurtlaryň bazarlarynyň maýadarlary oňyn seslenendiler. Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň aksiýalarynyň nyrhyny görkezýän Nikkei indeksi taryhy rekordyny täzeledi we 56 919 punkta (+4,9%) ýetdi.

 


26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

23.06.2026 14:16
5.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

12.06.2026 10:04
6.1k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......