Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

  • 09.02.2026 09:06
  • 13k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife Yslamabat şäherindäki metjitde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berdi.
«Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek hem-de ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar» diýlip hatda bellenilýär.
Serdar Berdimuhamedow şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi. Şeýle hem ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklary baradaky dilegler beýan edildi.
Pakistanyň paýtagtyndaky metjitde partlama geçen hepde juma namazy wagtynda boldy. Soňky maglumatlara görä, onuň netijesinde azyndan 31 adam wepat bolup, 150-den gowrak adam dürli derejelerde şikes aldy.


şu gün 13:44
1.1k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......