Täjigistanly telekeçi Afrikadaky startap üçin 45 million dollar maýa goýumyny çekdi

  • 08.02.2026 13:26
  • 6.2k+

Täjigistanly telekeçi Azamat Sultanow biznes-hyzmatdaşy Hendrik Ketçemen bilen bilelikde, Afrikanyň ulag bazarynda işleýän GoCab startapyny giňeltmek üçin 45 million dollar maýa goýumyny çekdi diýip Asia-Plus neşiri habar berýär.
GoCab — bu sürüjilere işlemek üçin awtomobil ýa-da motosikl almaga kömek edýän sanly platformadyr. Afrikadaky sürüjileriň köpüsiniň bank hyzmatlaryna we karzlara elýeterliligi ýokdugy üçin kompaniýa bazaryň bu derwaýys meselesini çözýär. Has anygy, GoCab ulag satyn almagy maliýeleşdirýär we sürüjilere gazançlarynyň hasabyna ony az-azdan satyn almaga mümkinçilik berýär. Bu çemeleşmä «Drive-to-Own» («Sür we eýe bol») modeli diýilýär.
Şeýle-de startap adaty ýangyçdan garaşlylygy azaltmak we ulagyň ekologiýa taýdan arassalygyny ýokarlandyrmak üçin elektromobillere bil baglaýar.
«GoCab yslam maliýe esaslary boýunça işleýär, peýdanyň 1%-i bolsa wakf fonduna gönükdirilýär» diýip, Azamat Sultanow taslamanyň beýleki käbir artykmaçlyklary barada hem belleýär.
Wakf fondy — yslam hukugynda eýesi tarapyndan haýyr-sahawat maksatlar üçin berlen, eldegirmesiz emläkdir (ýer, binalar, biznes, gymmatly kagyzlar). Wakf emlägi jemgyýetçilik mülküne öwrülýär, ondan gelýän girdejiler bolsa metjitlere, mekdeplere, hassahanalara goldaw bermäge we güzerany agyr maşgalalara kömek etmäge sarp edilýär.
GoCab startapy 2024-nji ýylda işe girizildi we eýýäm Kot-d’Iwuar, Senegal hem-de Marokko döwletlerinde hereket edýär. Şeýle hem onuň Ýakyn Gündogar we Latyn Amerikasy bazarlaryna çykmak meýilleriniň bardygy hem mälim edildi.
Ilkinji 18 aýyň dowamynda GoCab-yň ýyllyk girdejisi 17 million dollardan geçdi. Kompaniýada bäş ýurtda 150-den gowrak işgär işleýär. Taslama «E3 Capital» we «Janngo Capital» fondlary tarapyndan maliýeleşdirilýär we iki ýylyň dowamynda 10 müň sany elektromobil satmagy maksat edinýär.


şu gün 21:59
53

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

düýn 10:45
3.3k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

17.06.2026 11:29
4.7k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....

17.06.2026 11:16
958

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......