Kompaniýanyň ýolbaşçysy işlerini EA-ekiztaýyna ýükläp, indi çagalaryna köp wagt bagyş edip bilýär

  • 08.02.2026 18:12
  • 3.6k+

Extreme Networks kompaniýasynyň tehniki direktory we emeli aň ugrunyň ýolbaşçysy Nabil Buhariniň ähli duşuşyklara ýetişmek üçin öz ýene bir nusgasynyň gerekdigi hakyndaky aýdan degişmesi işgärleri tarapyndan derrew durmuşa geçirildi. Şunlukda ol tiz wagtda özüniň emeli aň «ekiztaýyna» işlerini ynanyp başlady.
Sanly nusgany Buhariniň ýazan tekstleri, çykyşlary we resminamalary esasynda okatdylar. Munda maksat, hälki bir «iş boýunça» jogap bermek bolman, hut ýolbaşçynyň özi ýaly «pikir ýöretmek we geplemek», ýagny onuň özüne mahsus soraglary bermek hem-de şol bir endik eden zatlaryna üns çekmekden ybaratdy.
Indi iş toparlary ilki bilen ýolbaşçylarynyň hakyky özüne däl-de, onuň sanly nusgasyna ýüz tutýarlar. Emeli aň hasabatlary seljerýär, baha berýär we soraglaryň sanawyny düzýär. Köplenç bu soraglar Buhariniň öz beräýjek soraglary bilen sözme-söz gabat gelýär.
Business Insider neşiriniň ýazmagyna görä, ulgam eýýäm 7–8 aý bäri işleýär. Taslama we maksatnama seljermeleriniň takmynan 80%-i indi Buhariniň özüne-de ýetirilmeýär. Emeli aňyň logikasynyň telekeçiniň pikir ýöretmesi bilen gabat gelmegi 50%-den 85–90%-e çenli ýokarlandy. Sanly nusga taslama täzelikleri bilen birlikde has möhüm biznes-meýilnamalary we önüm spesifikasiýalaryny hem öz üstüne aldy. Emma «janly adamyň» ähmiýeti «sanly adamdan» uly bolansoň, iň möhüm çözgütleri henizem Buhariniň özüne goýýarlar.
Iň uly netije bolsa, ofisden daşarda bildirdi. Buharide maşgalasyna has köp wagt sarp etmäge şert döredi. Indi ol çagalaryny mekdebe aýda bir ýa iki gezek däl-de, 10–15 gezek hem äkidip bilýär. Onuň aýtmagyna görä, bu ýagdaý diňe bir irdenki, adatça başagaý wagty apa-sapalyga öwürmän, eýsem, tutuş iş gününiň gidişine hem ýakymly täsir edýär. 


21.06.2026 16:10
3.6k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......