Wenesiýa suw basmak howpy abanýar: şäher 9 günde 15 gezek suw joşgunyny başdan geçirdi

  • 08.02.2026 13:12
  • 9.9k+

Wenesiýada 9 günüň dowamynda 15 gezek ýokary suw joşguny hasaba alyndy. Bu ýylyň başy üçin rekord görkezijidir diýip, ANSA agentligi habar berýär.

Suw joşgunlaryna gözegçilik ediş merkeziniň direktory Alwize Papa bu ýagdaýy «heniz görlüp-eşidilmedik waka» diýip atlandyrdy we muny global maýlama sebäpli ýüze çykýan töwekgelçilikleriň artmagy bilen baglanyşdyrdy. Onuň aýtmagyna görä, rekorduň esasy sebäbi — deňiz derejesiniň ortaça derejeden ýokarlanmagydyr.
Bolup geçen 15 suw joşgunynyň 10-sy 110 santimetr derejesinden ýokary geçdi. Şäher häkimiýetleri suw basmagynyň öňüni almak üçin, şeýle ýagdaýlara niýetlenen MOSE bentler ulgamyny on gezek ulanmaga mejbur boldular.
«Öňler suwuň derejesini 80 santimetr ýokarlandyrmak üçin örän güýçli ýeller gerek bolýan bolsa, indi deňiz derejesiniň bir metre ýetmegi üçin has pes öwüsginli ýeller hem ýeterlik» diýip, gözegçilik merkeziniň direktory ýagdaýyň düýp sebäbini düşündirýär.
Hünärmenler hatda adatdan daşary howa şertleri bolmadyk ýagdaýynda-da, Wenesiýanyň barha ýygy-ýygydan suw astynda galmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny belleýärler. Şeýle şertlerde, suwy bir metrden pes derejede saklaýan MOSE ulgamynyň durnukly işlemegi şäheri gorap saklamakda esasy faktor bolup durýar.

Milliardlarça ýewro düşen MOSE ulgamy, tas on ýyllyk gijikdirilme bilen 2020-nji ýylda ulanmaga berildi. Şol ýylyň oktýabr aýynda ol ilkinji gezek Wenesiýany ygtybarly gorapdy. Emma dekabr aýynyň başynda bolup geçen howa çaklamasyndaky ýalňyşlyk we suw gatlalarynyň (şlýuzlaryň) wagtynda ýapylmazlygy şäheri ýene-de suw joşgunyna sezewar etdi. 


14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.7k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......