Kong, Godzilla we näbelli nägehanlar: «Monarhyň» ikinji möwsüminiň treýleri çykdy

  • 08.02.2026 03:08
  • 2.6k+

Apple TV+ platformasy «Monarh: Nägehanlaryň mirasy» («Монарх: Наследие монстров») serialynyň ikinji möwsüminiň täze treýlerini görkezdi. Kadrlardan görnüşi ýaly, serialyň gerimi has giňeldi: Godzilla we King-Kong indi wakanyň esasy hereketlendiriji güýçlerine öwrüler. Ekranda olara we beýleki jandarlara has köp üns berilýär.
Täze möwsüm ykbaly «Monarh» guramasynyň syrlary bilen baglanyşykly bolan üç nesliň durmuşy baradaky dramatik sagany dowam etdirýär. Hekaýa planeta derejesindäki wakalaryň adaty adamlaryň durmuşyna nähili täsir edýändigini we onlarça ýyl ozal kabul edilen çözgütleriň nähili netijelere getirýändigini görkezýär.
Sýužetde garaşylmadyk pursatlar hem bar. Kurt Rasseliň ýerine ýetirmeginde gahryman Li Şou gaýdyp gelýär: ol Boş Ýerdäki wakalary başdan geçirdi. Sýužet birinji möwsümiň tamamlanan ýerinden dowam edýär — «Monarhyň» agzalary ýeriň ýüzüne çykýar we «Kelleçanak adasyna» düşýär.
Şol bir wagtyň özünde, bu serial uly meýilnamanyň diňe bir bölegidir. Ikinji möwsümden soň tomaşaçylara 2027-nji ýylyň 26-njy martynda premýerasy boljak «Godzilla we Kong: Supernowa» filmi hödürlener. Eýýäm şu ýyl bolsa «Monarhyň» prikweli surata düşürilip başlanar.
Ikinji möwsümiň premýerasy 27-nji fewralda bolar. On bölümiň ählisiniň eýýäm atlary we dowamlylygy kesgitlenildi.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....