Android enjamlarynyň 40%-den gowragy köne OS wersiýalary sebäpli uly howp astynda

  • 09.02.2026 12:17
  • 1.9k+

Google kompaniýasy häzirki wagtda ulanylýan ähli işjeň Android smartfonlarynyň 40%-den gowragynyň operasion ulgamynyň köne wersiýalary sebäpli howp astyndadygyny tassyklady. Bu görkeziji bütin dünýä boýunça bir milliarddan gowrak enjamyň kiberhüjümlere garşy goragsyzdygyny aňladýar.

Forbes neşiriniň habar bermegine görä, bu uly san howpsuzlyk täzelenmelerini (security updates) almagyny bes eden köne Android wersiýalary bilen baglanyşyklydyr. Google-yň resmi maglumatyna görä, häzirki wagtda doly howpsuzlyk goldawy diňe Android 13 we ondan soňky wersiýalara berilýär.
Android 12, 11, 10 we ondan öňki wersiýalarda işleýän enjamlar täze ýüze çykýan zyýanly programmalardan we içaly hüjümlerinden goranmak üçin zerur bolan ulgam täzelenmelerini almaýarlar. Bu hili goragsyz enjamlar ähli işjeň Android ulanyjylarynyň takmynan 42%-ini düzýär.
Ýagdaýyň beýle derejä ýetmegine smartfon öndürijileriniň geçen ýyllardaky çemeleşmesi sebäp boldy. Android 10, 11 we 12 wersiýalarynyň çykan döwründe köp sanly kompaniýa öz modellerine hatda 2-3 ýyllyk hem goldaw bermedi. Netijede, şol wersiýalarda "gark bolup" galan millionlarça smartfon indi hiç hili howpsuzlyk täzelenmesini alyp bilmeýär.
Hünärmenleriň pikiriçe, bu töwekgelçilik zolagyndan çykmagyň ýeke-täk ýoly — has täze we programma üpjünçiligi tarapyndan goldanylýan smartfony satyn almakdyr.


25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
3k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......