Birža söwdalarynyň jemi: geleşikleriň jemi bahasy 7 million dollardan aşdy

  • 09.02.2026 11:33
  • 1.8k+

 Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. 
Daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň önümi bolan suwuklandyrylan gazy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Ukrainanyň telekeçilerine pagta ýagynyň çökündisi, pagtanyň çig ýagly turşulygy, pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygy, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 669 million 542 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy, polipropileni, nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), portlandsementi, nah ýüplügi, çig ýüpegi, şeýle hem bugdaý ununy satyn aldylar. 


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......