Kriptobirža ýalňyşlyk bilen ulanyjylaryna 44 milliard dollar geçirdi

  • 08.02.2026 05:00
  • 5.1k+

Günorta Koreýanyň Bithumb kriptobiržasy birnäçe minudyň içinde ulanyjylary üçin "mugt pul" çeşmesine, buhgalterleri üçin bolsa "gorkuly düýşe" öwrüldi.

Birža her bir ulanyjysyna simwoliki baýrak hökmünde 2000 koreý wonuny (takmynan 1,4 dollar) paýlamagy meýilleşdiripdi. Işgärleriň biri ulgamda $ belgisini "B" harpy bilen garyşdyryp, netijede, ujypsyzja pula derek ulanyjylaryň hasabyna müňlerçe bitkoin ugradyldyr.
Sähel salymyň içinde biržanyň balansyndan takmynan 44 milliard dollar "ýitdi".

35 minutdan soň Bithumb ähli amallary togtadyp, serişdeleri yzyna gaýtarmaga başlady. Reuters agentliginiň maglumatyna görä, serişdeleriň 99,7%-ini yzyna gaýtarmak başartdy. Emma galan 0,3%-i gaýtaryp bolmady. Çalt pikirlenip ýetişen ulanyjylar birža bloklanmanka serişdelerini çykaryp ýetişdiler. Bu bolsa takmynan 132 million dollara barabardyr.
Bithumb bu ýagdaýyň haker hüjümi däldigini, diňe bir içki düzgünleriň bozulmagy we adam ýalňyşlygy sebäpli ýüze çykandygyny resmi taýdan tassyklady.


13.05.2026 12:16
3.9k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....

09.05.2026 08:01
5.6k+

Seulda günortanky uky boýunça ýaryş geçirildi

Seulda adamlaryň ukusyzlyk meselesine üns çekmek maksady bilen, gysga wagtlyk gündizki uky boýunça ýaryş geçirildi....

13.04.2026 15:19
3.2k+

Günorta Koreýa ilatyny mugt mobil interneti bilen üpjün eder

Iýun aýyndan başlap, Günorta Koreýada mobil internetine ählumumy mugt elýeterlilik girizilýär diýip, ýurduň Ylym ministrligine salgylanyp, «The Register» neşiri habar berýär....

10.04.2026 16:58
3.8k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Seulda türkmen talyplary bilen duşuşdy

7-nji aprelde Koreýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary......