Toyota 2026-njy ýylyň "Prado Altitude" modelini täzeledi: goşmaça tölegsiz täze funksiýalar goşuldy

  • 08.02.2026 21:03
  • 7.3k+

Toyota Land Cruiser Prado-nyň ýolsuzlyk şertleri üçin iň amatly görnüşi bolan Altitude modeliniň 2026-njy ýyl üçin täzelenmesini çykardy. Indi awtoulagyň enjamlaşdyrylyşyna 18 dýuýmlyk tekerler we hemme ýere niýetlenen şinalar üçin uýgunlaşdyrylan teker basyşyna gözegçilik ulgamy (TPMS) goşuldy. Täze funksiýanyň goşulmagyna garamazdan, bu wersiýanyň bahasy üýtgewsiz galdy.

TPMS ulgamy Altitude modeliniň 18 dýuýmlyk diskleri we A/T şinalary bolan konfigurasiýasynda ilkinji gezek hödürlenýär. Ozal bu ulgam diňe 20 dýuýmlyk tekerleri bolan VX we Kakadu wersiýalarynda elýeterlidi. Şunlukda, Altitude indi teker basyşyna gözegçilik funksiýasy boýunça Lexus GX550 Overtrail modeliniň derejesine ýetdi. 1-nji ýanwardan bäri inflýasiýa sebäpli Prado-nyň ähli modelleriniň bahasy 700 dollar artsa-da, bu täze funksiýa üçin goşmaça töleg alynmaýar.

Täzelenen Prado Altitude-nyň bahasy häzirki wagtda 93 400 awstraliýa dollaryna (takmynan 65 600 amerikan dollary) deňdir. Bu wersiýa öňki ofroud (ýolsuzlyk) aýratynlyklaryny doly saklap galdy. Hususan-da, hemme ýere niýetlenen şinalar; arka differensialyň blokirlenmesi; öňdäki stabilizatory öçürmek mehanizmi (SDM); gara reňkli bezeg elementleri; lýuk; "Tanami Taupe" we "Ningaloo Blue" ýaly iki reňkli korpus dizaýnlary bar.
Bu täzelenme, esasan, daşly we çägeli ýerlerde sürlende tekerleriň ýagdaýyna has takyk gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär we awtoulagyň ýolsuz şertlerdäki hereketini has ygtybarly edýär.


düýn 01:38
5.7k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
10k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.4k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3.1k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......