Olar aňsat bildirmeýärler: barlaglar gyzlaryň hem autizmden az ejir çekmeýändigini görkezdi

  • 08.02.2026 18:42
  • 3.8k+

Şwesiýanyň Karolinska institutynyň alymlary tarapyndan geçirilen barlaglar autizm baradaky öňki düşünjeleri düýpgöter üýtgedýär. Täze maglumata görä, gyzlar hem autizm spektriniň bozulmalaryndan oglanlardan az ejir çekmeýärler. Ýöne olaryň köpüsinde bu diagnozyň alamatlary gyz çaganyň tebigatyna mahsus häsiýetleriň arkasynda «bukulýar» we netijede keseliň kesgitlemesi has giç goýulýar.
1985-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli Şwesiýada doglan 2,7 milliona golaý adamyň maglumatlarynyň seljermesi 10 ýaşa çenli oglanlarda degişli diagnozyň 3–4 esse has ýygy goýulýandygyny subut etdi. Diagnozy kesgitlemegiň ortaça ýaşy oglanlarda 13,1 ýaş, gyzlarda bolsa 15,9 ýaşdyr. Emma 20 ýaşa ýetenlerinde, bu tapawut tas aradan aýrylýar we autizmiň derejesi iki jynsda-da deňleşýär.
«Biziň netijelerimiz autizmiň jynslar arasyndaky ýaýraw tapawudynyň öňki hasap edilişinden has azdygyny görkezýär. Bu ýagdaý, esasan, zenan maşgalalaryň göwnejaý barlanmazlygy ýa-da olarda diagnozyň giç goýulmagy bilen bagly» diýip, barlagyň esasy awtory doktor Karolin Faýf gürrüň berýär.
Näsag we autist adamlaryň hukuklaryny goraýjy Enn Keri häzirkizaman anyklaýyş usullarynyň köplenç gyzlaryň aýratynlyklaryny hasaba almaýandygyny belleýär. Şol sebäpli köplenç nädogry diagnoz goýulýar. Ýyllar geçenden soňra bolsa, olar ynjalyksyzlyk we depressiýa bilen ýüzbe-ýüz bolup, dogry bejergi gözlemäge mejbur bolýarlar.
Alymlar autizmli gyzlaryň goldawy wagtynda almagy we diagnozyň giç goýulmagynyň netijelerinden ejir çekmezlikleri üçin, anyklaýyş çemeleşmelerine täzeden seretmegiň wajypdygyny nygtaýarlar.


24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......