Türkmenistanyň raýatlary Malaýziýanyň PETRONAS uniwersitetinde bilim almaga çagyrylýar

  • 08.02.2026 17:41
  • 9.5k+

 

PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin Universiti Teknologi PETRONAS (UTP) okuw mekdebine girmek maksady bilen Block-I Education Sponsorship bilim maksatnamasyna arzalaryň kabul edilýändigini yglan etdi.
Bu maksatnama himiýa, fizika we matematika derslerinden ýokary görkezijilere eýe bolan, amaly himiýa, nebit inženerçiligi we geoylymlar ugurlarynda hünär ýoluny gurmagy meýilleşdirýän mekdep uçurymlaryna gönükdirilendir.
Universiti Teknologi PETRONAS (UTP) — Malaýziýanyň öňdebaryjy hususy ylmy-barlag uniwersitetleriniň biri bolup, dolulygyna PETRONAS milli nebitgaz kompaniýasynyň eýeçiligindedir. 1997-nji ýylda esaslandyrylan bu ýokary okuw mekdebi inženerçilik, ylym we tehnologiýa ugurlary boýunça amaly bilim maksatnamalaryny hödürleýär.
Kimler arza tabşyryp biler?
Dalaşgärler aşakdaky talaplara laýyk gelmeli:

  • 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli 17–25 ýaş aralygynda we nika baglaşmadyk bolmaly;
  • Himiýa, matematika we fizika derslerinden ýokary bahalara eýe bolmaly;
  • Iňlis dili boýunça talaplara laýyk gelmeli (IELTS 5.0 ýa-da TOEFL iBT 50 balyň bolmagy artykmaçlykdyr);
  • Ýokary bilimi bolmaly däl we beýleki ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okamaýan bolmaly.

Okuw ugurlary:

  • Inženerçilik: himiýa inženerçiligi, raýat gurluşygy, kompýuter inženerçiligi, elektrik we elektronika inženerçiligi, maşyn gurluşygy, nebit inženerçiligi, integrirlenen inženerçilik;
  • Maglumat tehnologiýalary;
  • Nebit geoylymlary.

Dalaşgärler islenýän okuw ugruny görkezip bilerler. Emma PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy nebitgaz pudagynyň zerurlyklaryna we UTP-de orunlaryň elýeterliligine görä başga hünäri teklip etmek hukugyny özünde saklaýar.
Dalaşgärleri saýlamak ýazmaça synag we söhbetdeşlik esasynda amala aşyrylýar.
Zerur resminamalaryň sanawy:

  • Anketa (PETRONAS ofisinde berilýär);
  • Orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň göçürmesi (2026-njy ýylyň uçurymlary üçin — 12-nji synpyň ilkinji iki çärýeginiň bahalar tablisasy);
  • Içerki pasportyň göçürmesi we bar bolsa biometrik (daşary ýurt) pasportyň göçürmesi;
  • Ak fonda 3×4 sm ölçegdäki fotosurat — 12 sany (işewür stil);
  • Bar bolan ýagdaýynda harby biletiň göçürmesi.

Resminamalaryň terjimesi talap edilmeýär.
Arzalaryň tabşyrylyşy:
Resminamalar 2026-njy ýylyň 13-nji fewralyna çenli duşenbe–anna günleri (dynç we baýramçylyk günlerinden başga) sagat 14:00-dan 17:00-a çenli PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasynyň Aşgabatdaky ofisinde kabul edilýär.
Salgy: Türkmenbaşy şaýoly, 81 (B blok).
Habarlaşmak üçin telefon: (+99312) 39-80-00.


08.06.2026 23:01
2.7k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

01.06.2026 17:06
3.1k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.9k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......