Usman Nurmagomedow Alfi Dewisi bogup, PFL-iň çempionlyk guşagyny gorady

  • 08.02.2026 04:46
  • 11k+

Dubaýda geçirilen PFL ýaryşynyň esasy tutluşygynda russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow britaniýaly Alfi Dewisi ýeňip, ýeňil agramda çempionlyk derejesini gorady. Ýaryş «Coca-Cola Arena» meýdançasynda geçirildi.

Söweş üçünji raundda tamamlandy. Nurmagomedow demikdiriji tilsimi ulanyp ýeňiş gazandy.
27 ýaşly Usman Nurmagomedow professional karýerasynda "ýeňilmezek" adyny saklap gelýär: onuň hasabynda MMA-da 21 ýeňiş bar. Onuň ýene bir söweşi hasaba alynmady diýlip yglan edilipdi. 2023-nji ýylyň oktýabrynda ol amerikaly Brent Primusdan üstün çykypdy, ýöne soňra onuň barlagyndan doping galyndylary tapyldy. Bellator söweşijini alty aýlyk möhlet bilen oýunlardan çetleşdirdi, emma Usman çempionlyk guşagyny özünde saklap galdy. Nurmagomedow bu ýagdaýy düşünişmezlik diýip düşündirdi: onuň söweşden birnäçe aý öň bejergi üçin ulanan dermanlary barada sport komissiýasyna habar bermändigi mälim boldy.
Alfi Dewis 33 ýaşynda. Onuň hasabynda 20 ýeňiş, alty ýeňliş we bir deňlik bar. 2025-nji ýylda ol russiýaly Gaji Rabadanowy ýeňip, PFL Gran-prisinin finalynda ýeňiji bolupdy.
Usman Nurmagomedow — UFC-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedowyň doganoglanydyr. Ol 2022-nji ýylyň noýabrynda Bellator-yň çempiony boldy, 2025-nji ýylyň oktýabrynda bolsa PFL guşagyny aldy.


17.06.2026 17:46
15k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

01.06.2026 10:58
6.9k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

17.04.2026 09:31
24k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

13.03.2026 12:13
9.4k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...