Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň we Ermenistanyň ýolbaşçylaryny halkara baýragy bilen gutlady

  • 09.02.2026 09:35
  • 10k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana adamzadyň doganlygy ugrunda halkara Zaýed baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli gutlagyny ýollady. Gutlagyň tekstini TDH agentligi çap etdi. 
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň bu iki ýurt bilen köpasyrlyk taryhy, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.
«Azerbaýjanyň Prezidentiniň we Ermenistanyň Premýer-ministriniň paýhasynyň, ýokary jogapkärçiliginiň iki ýurduň rowaçlygyny, abadançylygyny üpjün etmäge, Günorta Kawkazda uzak möhletli durnuklylygy hem-de ylalaşygy saklamaga we berkitmäge uly täsir edýän wajyp şert bolup çykyş edýändigini nygtamak isleýärin. Şeýh Zaýed adyndaky baýragyň berilmeginiň dünýä derejesinde hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň, parahatçylyk filosofiýasynyň, ynanyşmagyň we özara hormata esaslanýan dialogyň ýokary gymmatlyklaryny yzygiderli gorap saklamak üçin ruhlandyryjy itergi boljakdygyna ynanýarys» diýlip, gutlagda bellenilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylygy we ylalaşygy gazanmak boýunça möhüm çözgütleriň hut Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda (2025) kabul edilmeginiň taryhy ähmiýetini aýratyn belledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesinden ugur alyp, sebitleýin parahatçylygy döretmek we halkara hukugyň kadalaryny goramak ugrundaky tagallalary hemmetaraplaýyn goldamaga taýýardygy tassyklanyldy.
Gutlag sözüniň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow bu halkara baýragynyň taraplaryň arasyndaky ykdysady we infrastruktura taslamalaryna täze itergi berjekdigine ynam bildirip, iki goňşy ýurduň halklaryna parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.


düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......