4.9k+

Serdar Berdimuhamedow Daşkentdäki «Garaşsyzlyk» ýadygärligine gül goýdy

17-nji noýabrda Özbegistanda döwlet saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow saparynyň ikinji gününiň maksatnamasyny «Ýangi Uzbekiston» seýilgähinde «Garaşsyzlyk» ýadygärligine gül goýmakdan başlady. Bu ýerde guralan dabara Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem gatnaşdylar...

3.1k+

2026-njy ýylda Türkmenistanda “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 2026-njy ýylda täze — “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etdi. Bu barada 16-njy noýabrda Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde yglan edildi...

1.1k+

Pixar “Oýunjaklaryň taryhy 5-iň” ilkinji tizer-treýlerini çykardy

Pixar studiýasynyň resmi YouTube-kanalynda “Oýunjaklaryň taryhy 5” multfilminiň ilkinji tizer-treýleri goýberildi. Film 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda dünýä derejesinde çykarylar. Gysga rolikde tomaşaçylara täze gahryman - Lilipad atly planşet hödürlendi...

3.8k+

Apple we dizaýner Isseý Miýake adaty bolmadyk iPhone-lar üçin adaty bolmadyk daşlyk-haltajyk döretdiler

Apple ýapon dizaýneri Isseý Miýake bilen hyzmatdaşlykda iPhone üçin özboluşly, torly torbany ýatladýan iPhone Pocket daşlyk-haltajygyny çykardy. Aksessuaryň dizaýny modelýeriň “mata bölegi” (a piece of cloth) - dürli görnüşde göterip boljak ýönekeý, köp taraply we üýtgäp bilýän zat hakyndaky düşünjesinden ylhamlanýar...

4.4k+

Amerikan startapy üç tigirli “günmobilleri” ýygnap başlady

Kaliforniýanyň Aptera startapy özüniň Gün elektromobiliniň synag nusgalarynyň ýygnalyp başlanandygyny habar berdi – bu prototipden yzygiderli önümçilige tarap ilkinji ädim boldy. Işler üpjün edijilerden taýýar komponentleri ulanmak bilen Günorta Kaliforniýadaky täze önümçilik hatarynda alnyp barylýar...

2k+

2024-nji ýylda tabşyrylan ähli patentleriň tas ýarysy Hytaýa degişli

2024-nji ýylda ähli tabşyrylan patent arzalarynyň tas ýarysy Hytaýyň paýyna düşdi. Ikinji orny eýelän ABŞ üç esse diýen ýaly yza galdy we öz arzalarynyň sanyny azaltdy diýip, WIPO halkara guramasynyň statistikasyna salgylanyp, South China Morning Post habar berýär...

8k+

Entoni Joşua dekabrda YouTube blogeri Jeýk Pol bilen söweşer

Agyr agramda öňki dünýä çempiony Entoni Joşua we amerikaly bloger hem boksçy Jeýk Pol 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda resmi taýdan söweşer. Ilkibaşda Pol ýeňil agramda WBA-nyň çempiony Jerwonta Dewis bilen duşuşmalydy...

2.7k+

Stiwen Kingiň “Ylgaýan adam” romanynyň ekranlaşdyrmasy dünýä prokatyna çykdy

14-nji noýabrda Stiwen Kingiň “Ylgaýan adam” (Бегущий человек) romany boýunça düşürilen adybir filmiň global premýerasy boldy. Film eýýäm ABŞ-da, Kanadada we başga birnäçe ýurtda görkezilýär. Filmiň sýužeti antiutopik totalitar ABŞ-da ýaşaýan Benjamin Riçards barada gürrüň berýär...

4.7k+

Hytaý elektrik energiýasyny almak üçin ägirt batböregi synagdan geçirdi

Hytaýda belentlikde energetika önümçiligi üçin dünýädäki iň uly batböregiň synaglary tamamlandy. Ol ýeliň güýjüni elektrik energiýasyna öwürmek üçin niýetlenýär we adaty ýel diňleri bilen deňeşdirilende has tygşytly çözgüt hökmünde göz öňünde tutulýar diýip, Interesting Engineering ýazýar...

2.3k+

Call of Duty: Black Ops 7 çykdy

14-nji noýabrda Activision kompaniýasynyň Call of Duty oýnunyň täze bölümi Call of Duty: Black Ops 7 çykdy. Oýun PK-da we konsollarda elýeterli, şeýle-de PC Game Pass we Game Pass Ultimate ýazylyşyklaryna goşuldy...

1.1k+

Disney ulanyjylar üçin emeli aň kontentini döretmek funksiýasyny taýýarlaýar

Disney wideo döretmek üçin öz neýroulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Ol Disney+ ulanyjylaryna kontent döretmek mümkinçiligini berer. Bu barada korporasiýanyň ýolbaşçysy Bob Aýger maliýe ýylynyň jemi boýunça konferensiýa jaňynda habar berdi diýip, The Hollywood Reporter belleýär...

2.4k+

Mask ahyrsoňy Apple we OpenAI bilen bagly işi kazyýete berdi

Apple we OpenAI Ilon Maskyň kompaniýalarynyň (X Corp we xAI) antimonopoliýa arzasyny ýatyryp bilmediler. ABŞ-nyň okrug kazysy Mark Pitman (Mark Pittman) bu baradaky haýyşlary kanagatlandyrmady. Kazynyň bu karary X Corp we xAI kompaniýalaryna Apple we OpenAI-ny "bäsdeşlige garşy dilleşmekde" we bäsdeşler üçin päsgelçilik döretmekde aýyplaýan kazyýet işini dowam etmäge mümkinçilik berdi...

4.6k+

Heýkeltaraş Babasary Annamyradow "Geljegiň mirasy" halkara baýragynyň eýesi boldy

Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Babasary Annamyradow «Geljegiň mirasy» (“Келажак мероси”) halkara baýragy bilen sylaglanyldy. Baýragy gowşurmak dabarasy Daşkent şäherindäki Yslam medeniýetiniň merkezinde Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirildi...

3.2k+

Türkmen wekiliýeti Pekinde Hytaý dili boýunça Bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

14-nji noýabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektoryndan, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygyndan we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hytaý dili mugallymyndan ybarat wekiliýet Pekin şäherinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly iri halkara çäresine gatnaşdy...

2.9k+

«Sanly çözgüt – 2025» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Sanly çözgüt – 2025» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu çäre ýurduň telekommunikasiýa we IT ulgamynda esasy waka bolan «Türkmentel–2025» XVIII Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň dabaraly ýapylyşynyň çäklerinde geçirildi...

4.4k+

Roberto Mançini Kataryň «Al-Sadd» klubuna baş tälimçi boldy

Italiýaly hünärmen Roberto Mançini Kataryň «Al-Sadd» klubunyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada toparyň metbugat gullugy X (ozalky Twitter) sosial ulgamynda habar berdi. "Roberto Mançini «Al-Sadd» klubunyň tälimçisi wezipesi üçin 2,5 möwsümlik şertnama baglaşdy" – diýip, klubuň beýanatynda aýdylýar...

5.1k+

Döwrebap dizaýnly täze Nissan Sentra 23,6 müň dollardan satylýar

Nissan kompaniýasy ABŞ-da dokuzynjy nesil Sentra sedanynyň satuwyna başlady. Başga bazarlarda bu model Sylphy hökmünde bellidir. Awtomobiliň daşky görnüşi doly täzelendi, interýer has döwrebap boldy, ýöne platforma we hereketlendiriji öňküligine galdy...