Madonna 24 ýyldan soň ýene kino dünýäsine gaýdyp geldi

  • 22.03.2026 12:38
  • 5.6k+

«Amerikaly meşhur aýdymçy Madonna 24 ýyldan soň ýene aktrisalyk kärine dolanmak hyýalyna mündi. Ol «Kinostudiýa» (The Studio) atly serialyň ikinji möwsüminde surata düşýär» diýip, Entertainment Weekly neşiri habar berýär.

Taslamanyň surata düşüriş işleri Ýewropada dowam edýär. Madonna hem sosial torlarda işiň gidýän ýeri bolan Wenesiýadan suratlary paýlaşdy. Suratlarda aýdymçy bilen birlikde kino meýdançasynda Set Rogen, Braýan Krenston, Aýk Barinhols, Çeýz Sui Wonders, Ketrin Han, Maýkl Kiton we Juliýa Garner ýaly meşhur aktýorlaryň hem bardygy görünýär.

Madonnanyň kino işine dowamly ýykgyn eden döwürleri 1980-1990-njy ýyllar we 2000-nji ýyllaryň başydyr. Onuň şu çaka döreden keşpleriniň arasynda iň meşhury «Ewita» (1996) filmindäki Ewita Perronyň keşbidir. Aýdymçy zenan 2002-nji ýylyň önümi bolan «Äkidilenler» («Унесенные») we Bondianyň «Öl, ýöne bu wagt däl» («Умри, но не сейчас») filmlerinde-de göründi. Şondan soň ol diňe 2006-njy ýylda «Artur we miniputlar» («Артур и минипуты») multfilminde ses berdi we konsertlerdäki çykyşlary bilen oňdy.

Iki ýyl mundan öň Madonnanyň öz durmuşy baradaky filmiň ssenariýasynyň üstünde işleýändigi, hatda oňa režissýorlyk etmegi-de ýüregine düwendigi hakda habarlar eşidilipdi. Eger soň pikirler üýtgän bolmasa, şol wagtky çaklama görä, baş keşpde Juliýa Garner oýnamalydy.


düýn 23:54
624

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....