Honda 70 ýylyň içinde ilkinji gezek maliýe hasabaty döwrüni zyýan çekmek bilen tamamlaýar

  • 21.03.2026 18:24
  • 3.3k+

Honda kompaniýasy şu maliýe ýylynyň 420 milliard ýenden 690 milliard ýen aralygynda (2,6 milliard dollardan 4,3 milliard dollara çenli) zyýan çekmeklik bilen tamamlanmagyna garaşýar. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.

Eger çaklamalar 31-nji marta çenli tassyk bolsa, bu ýapon awtoulag öndürijisiniň soňky ýedi onýyllygyň içinde ilkinji gezek ýaramaz ýyllyk netije gazandygy bolar. Bu habardan soň, kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 5,6% pese gaçdy.

Ýaramaz görkezijiler ýeňil awtoulag bölüminiň giň gerimli täzeden gurulmagy bilen baglanyşyklydyr, onuň çykdajylary 15,7 milliard dollara ýetýär. Täze strategiýanyň çäklerinde kompaniýa ABŞ-nyň bazary üçin niýetlenen üç sany elektrik awtoulag modeliniň çykarylmagyny eýýäm ýatyrdy we esasy maýa goýumlaryny 21 milliard dollar azaltdy.

Goşmaça ýaramaz faktor Hytaýda aktiwleriň arzanlamagy boldy, sebäbi Honda ýerli brendleriň güýçli bäsdeşligine sezewar bolýar.


şu gün 11:08
300

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

düýn 22:05
1.5k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

düýn 12:01
1.6k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
2.9k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......