Türkmenistan Hytaýa jemi 460 milliard kub metre golaý tebigy gaz iberdi

  • 21.03.2026 16:03
  • 8.1k+

2026-njy ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanyň Hytaýa eksport eden tebigy gazynyň umumy möçberi 460 milliard kub metre golaý boldy. Bu sanlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke beren interwýusynda mälim etdi.

Milli Lider ýangyç-energetika pudagynyň hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup durýandygyny belledi. 2009-njy ýylda ulanmaga berlen Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi arkaly her ýyl 40 milliard kub metre golaý gaz iberilýär.

Häzirki wagtda taraplar iberilýän gazyň möçberini ýylda 65 milliard kub metre çenli artdyrmagyň üstünde işleýär.

«Men ýene-de bir örän möhüm wakany nygtamak isleýärin. Hytaýyň “CNPC” kompaniýasy Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky, dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» känini özleşdirmek boýunça halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Bu taslama tebigy gazyň her ýylda 10 milliard kub metrini goşmaça ibermäge niýetlenendir. Şeýlelikde, uzak möhletleýin bökdençsiz ulanmak üçin türkmen energiýa serişdelerini Hytaýa eksport etmegiň kuwwatly üpjünçilik ulgamlary bilelikde, yzygiderli we gyşarnyksyz ösdürilýär».

Gurbanguly Berdimuhamedow köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmäge gatnaşýan hytaýly hyzmatdaşlaryň ak ýürekli işleýändiklerini aýratyn belledi.


düýn 17:29
6.3k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......