Hytaýda 10 müňden gowrak türkmen raýaty bilim alýar

  • 21.03.2026 16:29
  • 5.8k+

Hytaýda Türkmenistanyň 10 müňden gowrak raýaty bilim alýar. Bu baradaky maglumatlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke beren interwýusynda mälim etdi.

«Häzirki döwürde Hytaýyň bilim ojaklarynda Türkmenistanyň raýatlarynyň 10 müňden gowragy okaýar. Türkmenistanyň 9 sany ýokary okuw mekdebinde, 10 sany orta mekdebinde hytaý dili öwrenilýär. Biz öz tarapymyzdan Hytaý Halk Respublikasynyň okuw mekdeplerinde türkmen diliniň öwrenilmegini guramakda ýardam bermäge, munuň üçin mugallymlary we hünärmenleri ibermäge taýýardyrys. Bu bolsa biziň hyzmatdaşlygymyzyň geljegine maýa goýumlardyr, türkmen we hytaý halklarynyň arasynda dostlugyň, özara düşünişmegiň aýdyň nyşanydyr» — diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurtlaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň döwlet derejesinde goldanylýandygyny nygtady. Özara Medeniýet günleri we ýyllary geçirilýär, sungat ussatlarynyň saparlary, festiwallar we maslahatlar guralýar. Iki ýurduň medeniýet merkezlerini açmak barada gepleşikler alnyp barylýar.

Şeýle hem interwýuda taryhy mirasyň, şol sanda atçylygyň hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ähmiýeti bellenilip geçildi.


şu gün 07:55
302

Oguz han adyndaky ITU daşary ýurt uniwersitetleri we kompaniýalary bilen 5 şertnama baglaşdy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 10-11-nji iýun aralygynda Ylymlar güni mynasybetli «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

düýn 07:39
3.1k+

TOHI-niň mugallymlary Moskwadaky halkara bäsleşiklerde uly üstünlik gazandy

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim edaralary tarapyndan guralan halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ýokary orunlary eýeledi....

08.06.2026 23:01
2.8k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

01.06.2026 17:06
3.1k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......