Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni dabaraly bellenilýär

  • 22.03.2026 11:25
  • 1.8k+

21-nji martda Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly ruhubelentlik bilen garşylandy. Baýramçylygyň esasy dabaralary Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyryldy. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen bu gadymy baýram türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny we medeni mirasyny özünde jemleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, bu ýyl ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy bilen utgaşýan Nowruz baýramy halkymyzy täze sepgitlere ruhlandyrýar.

«Nowruz ýaýlasynda» guralan dabaralara Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, diplomatik wekilhanalaryň, KHBS-iň wekilleri hem-de ýurduň ähli künjeklerinden gelen köp sanly myhmanlar gatnaşdy. «Nowruz ýaýlasynyň» esasy girelgesinde ýylyň şygaryna bagyşlanan aýdym-sazly we tansly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Ýaýla ägirt uly baýramçylyk sahnasyna öwrülip, onda ak öýler, gadymy türkmen obasynyň keşbi, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde dörän şäherleriň sazlaşygy janlandyryldy.

Dabaranyň dowamynda halyçylyk, keşdeçilik, zergärçilik we demirçilik ýaly milli senetleriň görkezilmegi bilen bir hatarda, bagşy-sazandalaryň, folklor toparlarynyň we küştdepdi tansçylarynyň çykyşlaryna giň orun berildi.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary baýramçylygyň iň täsirli pursatlarynyň birine öwrüldi. Şeýle-de, ahalteke bedewleriniň gözelligine bagyşlanan sergiler guraldy.

Baýramçylygyň geçirilýän ýerinde owadan bezelen hiňňildikler gurnaldy. Hiňňildiklerde uçmak adaty Nowruz baýramynda täze ýyla täze gujur, nurana niýetler bilen gadam basmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de, bu ýerde pälwanlaryň göreş tutluşyklary we çagalaryň milli oýunlary geçirildi. Aşpezler tarapyndan taýýarlanan milli tagamlar saçaklaryň bezegi boldy.

«Nowruz ýaýlasynda» guralan sungat ussatlarynyň konserti nesilleriň we döwürleriň arabaglanyşygyny, türkmen medeniýetiniň gülläp ösüşini tassyklady. Baýramçylyk dabaralary diňe bir paýtagtda däl, eýsem Arkadag şäherinde we ýurduň ähli welaýatlarynda hem uly ruhubelentlik bilen dowam etdi.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.8k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......