Halk Maslahatynyň Başlygy: Atylan ok harbymy, esgermi ýa-da çagamy… saýgarmaýar

  • 21.03.2026 16:21
  • 21k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dünýädäki häzirki ýagdaýlar barada öz garaýyşlaryny aýtdy.

Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke bilen söhbetdeşliginde türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda dünýädäki ýagdaýlaryň çylşyrymlydygyna garamazdan, halkara hukuk gurallaryna daýanyp, durnuklylygy dikeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu işlerde Birleşen Milletler Guramasy aýratyn orun eýeläp biler.

«Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan gapma-garşylyklara goşulmaýar. Şonuň üçin biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarda güýç ulanmak usulyny kabul etmeýär. Munuň özi biziň üçin diňe iş ýüzündäki syýasy sorag bolman, eýsem, ilkinji nobatda, ahlak bilen bagly soragdyr. Sebäbi uruşlar, ilki bilen, adamlara, olaryň ykbalyna, durmuş ýagdaýlaryna, arzuw-hyýallaryna we umytlaryna zarba urýar. Uruşda bularyň ählisi bir pursatda ýom-ýok bolýar. Şoňa görä-de, häzirki döwürde uruş etmek üçin tagallalary iki esse artdyrmaly däl-de, şol uruşlary aradan aýyrmak üçin on esse tagalla etmeli. Şu ýerde men geçmişde ýaşan bir parasatly şahsyýetiň sözlerini mysal getirmek isleýärin. Bu sözler orta asyr görnükli türkmen döwlet işgäri Baýram han Türkmene degişlidir. Ol: «Parahat ýaşamagy başarmak bilen deňeşdirilende, uruşda ýeňiş gazanmak hiç zatdyr» diýipdir».

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň we Hytaýyň parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga we ylalaşyga berk ygrarlydygyny belledi. Iki ýurt hem dünýä syýasatynda ynanyşmagy we özara hormat goýmagy ykrar etmek üçin ähli tagallalary edýär.

«Ýöne bu sowalyňyza umuman jogap bermek bilen, men syýasatçy däl-de, ýönekeý raýat hökmünde öz pikirimi aýtsam: «Atylan ok hiç haçan yzyna gaýtmaýar». Ol sen harbymy, esgermi, ýönekeý raýatmy ýa-da çagamy... — saýgarmaýar. Gynansak-da, ol diňe pida getirýär. Şonuň üçin taryha ser salsak, onda hiç haçan urşuň ýeňen ýeri ýokdur».


düýn 22:20
3.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.5k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....