Blue Origin kompaniýasy Ýeri asteroidlerden goramagyň meýilnamasyny işläp düzýär

  • 21.03.2026 16:51
  • 1.8k+

Blue Origin kompaniýasy NASA we ylmy guramalar bilen hyzmatdaşlykda Ýeri howply asteroidlerden goramak üçin ulgam işläp düzýär. Taslama NEO Hunter diýlip atlandyrylýar.

Ol dürli orbitalarda işläp bilýän we 4000 kg çenli enjamlary daşamaga ukyply modul hemra ulgamy bolan Blue Ring platformasyny ulanmaklyga esaslanýar.

Bu missiýa birnäçe tapgyrdan ybarat. Ilki bilen, apparat asteroide golaýlaşyp, onuň düzümini, massasyny we dykyzlygyny öwrenjek kiçi hemralary (kubsatlary) uçurar. Bu bolsa iň netijeli täsir ediş usulyny saýlamaga mümkinçilik berer.

Bir usul ion şöhlesini ulanmagy öz içine alýar. Ol zarýadly bölejikleriň akymyny gönükdirip, obýektiň orbitasyny kem-kemden üýtgeder. Eger bu ýeterlik bolmasa, kinetiki täsir ediji guraly ulanmak meýilleşdirilýär - apparat asteroide sagatda 36 370 km tizlik bilen gönükdiriler.

Çaknyşykdan öň, hemra çaknyşyk pursadyny ýazga almak üçin bölnüp aýrylar. Şeýle çemeleşme DART missiýasy mahalynda, 2022-nji ýylda kosmos gämisi Dimorfos asteroidi bilen çaknyşyp, has uly Didimos asteroidiniň töweregindäki orbitasyny üýtgedende görkezilipdi.

Kompaniýa taslamanyň ylmy wezipeler we planetalary goramak üçin täjirçilik kosmos tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini görkezýändigini belleýär.


04.06.2026 19:55
5.4k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

02.06.2026 12:47
5.9k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

30.05.2026 20:46
2.5k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....