Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2007-nji ýyldan bäri 20 esse artdy

  • 21.03.2026 15:32
  • 3.8k+

Hytaý köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolmagynda galýar. 2007-nji ýyldan bäri ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygy 20 esse artdy we her ýyl 9–10 milliard amerikan dollaryna barabar bolýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke beren interwýusynda aýtdy.

Hyzmatdaşlyk energetika, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, dokma senagaty we agrosenagat ýaly ulgamlary öz içine alýar. Ulag we infrastruktura ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi aýratyn bellenilip geçildi.

«Bu ugurda anyk mysallary getireýin: häzirki döwürde Türkmenistanyň demir ýollarynda hereket edýän wagonlaryň hem-de lokomotiwleriň 90 göterimi Hytaýda öndürildi. Hytaý wagonlaryny, teplowozlaryny satyn almakdan başga-da, Gündogar — Günbatar ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. 2014-nji ýylda uzynlygy 750 kilometrden gowrak bolan, goňşy ýurtlaryň çäkleriniň üstünden geçip, Hytaý bilen Türkmenistany birleşdirýän demir ýol ulgamy ulanmaga berildi. Soňky ýyllarda hytaý awtomobilleriniň, esasan-da, awtobuslarynyň satyn alnyşy ep-esli artdy».

Halk Maslahatynyň Başlygy Pars aýlagyna we Hind ummanyndaky terminallara çykmak bilen, Hazar deňzinde söwda kommunikasiýalaryny ösdürmekde mümkinçilikleri birleşdirmek üçin ýurtlaryň ähli şertleriniň bardygyna ynam bildirdi.


düýn 22:20
3.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.5k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

10.06.2026 17:29
10k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......