Emili Blant we Killian Mýorfi «Ümsüm ýer-3» filmine dolanýarlar

  • 22.03.2026 03:26
  • 2.1k+

Aktýorlar Emili Blant we Killian Mýorfi «Ümsüm ýer-3» filmine gatnaşjakdyklaryny tassykladylar. Bu barada «Deadline» neşiri habar berdi.

Filmiň tanyşdyrylyşy 2027-nji ýylyň 30-njy iýulyna meýilleşdirildi. Taslamanyň režissýory, ssenaristi we prodýuseri hökmünde ýene-de Jon Krasinski çykyş eder. Filmde şeýle hem Millisent Simmonds, Noa Jup, Jek O’Konnell, Jeýson Klark we Keti O’Braýan ýaly meşhur aktýorlar keşp janlandyrarlar.

Taslama bilen Krasinski we Ellison Siger tarapyndan esaslandyrylan «Sunday Night Productions» kompaniýasy meşgullanar. Önümçilik işlerine «Platinum Dunes» studiýasy hem gatnaşýar.

«Ümsüm ýer» franşizasy 2018-nji ýylda başlandy. Häzirki wagta çenli onuň düzümine üç film girýär we dünýä boýunça umumy girdejisi 900 million dollardan geçdi. Täze bölümiň Ebbottlar maşgalasynyň taryhyny dowam etdirmegine garaşylýar.


düýn 23:54
624

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....