Alymlar B2 witamininiň çiş öýjüklerini halas edip biljekdigini anykladylar

  • 22.03.2026 07:47
  • 2.3k+

Adatça öýjükleri zeperlenmelerden goramaga kömek edýän B2 witamini, şol bir wagtyň özünde rak öýjükleriniň hem janly galmagyna ýardam berip biler. Ýulius Maksimilian adyndaky Wýursburg uniwersitetiniň Rudolf Wirhow merkeziniň alymlarynyň gelen bu netijesine esas bolan barlag hakda Nature Cell Biology žurnalynda çap edildi.

B2 witamini ýa-da riboflawin bedene diňe iýmit arkaly düşýär. Onuň esasy çeşmeleri süýt önümleri, et, ýumurtga we gök önümlerdir. Ol öýjükleriň içinde energiýa çalşygyna we dokumalary okislenme zeperlenmelerinden goramaga gatnaşýan molekulalara öwrülýär.

Alymlar öýjügiň ölmeginiň aýratyn bir görnüşi bolan ferroptoz hadysasyny öwrendiler. Bu hadysa, haçan-da demir maddasy öýjük membranalaryndaky ýaglaryň okislenmesine sebäp bolanda başlanýar. Eger goranyş mehanizmleri işlemese, öýjük kem-kemden dargap ugraýar. Bu tebigy hadysa bedeniň zeperlenen öýjüklerden dynmagyna kömek edýär.

Emma, muňa garamazdan çiş öýjükleri özleriniň antioksidant goranyşyny güýçlendirmek arkaly ferroptozdan gutulmagy başarýarlar. Geçirilen barlaglar bu ýagdaýda B2 witamininiň madda çalşygynyň uly täsiriniň bardygyny görkezdi.

Munda esasy orun FSP1 belogyna degişlidir. Onuň işi riboflawinden emele gelýän molekulalara baglydyr. Alymlar öýjük modellerinde B2 witamininiň derejesini peseldenlerinde, rak öýjükleriniň okislenmä has durnuksyzdygy we çalt ölýändigi anyklandy.

Şeýle-de, gözlegçiler gurluşy boýunça B2 witaminine meňzeş bolan tebigy birleşme — rozoflawini-de seljerdiler. Tejribeler bu maddanyň hatda pes mukdarda hem rak öýjüklerinde ferroptoz hadysasyny başladyp bilýändigini görkezdi.

Alymlar indiki bu mehanizmi has takyk bökdäp biljek maddalary tapmagy we olary kliniki synaglara çenli bolan usullarda barlamagy meýilleşdirýärler.


20.06.2026 12:08
7.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......