Bizden 83 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýaşaýyş mümkinçilikli täze super Ýer tapyldy

  • 22.03.2026 12:31
  • 7.1k+

Kosmos kartasynda, astronomik ölçegler boýunça örän golaýda täze bir gyzykly nokat peýda boldy. Ýerden 83 ýagtylyk ýyly uzaklykda alymlar adaty tapyndylardan düýbünden tapawutlanýan bir planetany ýüze çykardylar.

Ol biziň planetamyzdan biraz uly, solgun gyzyl karlik ýyldyzynyň daşyndan aýlanýar. Iň gyzykly tarapy bolsa, onuň öz ýyldyzynyň ýaşaýyş zolagynda ýerleşýänligidir.

Bu açyşy Gün ulgamyna golaýdaky ýagty ýyldyzlary dykgat bilen yzarlaýan TESS (Transiting Exoplanet Survey Satellite) kosmos teleskopy amala aşyrdy. Ol planetanyň ýyldyzyň öňünden geçýän wagtyndaky ýalpyldylary hasaba alýar. TOI-1080 b atly täze super-ýer tapylmagynda hem edil şular ýaly «signal» kömek etdi. Soňra onuň bardygyny ýerdäki teleskoplar arkaly geçirilen barlaglar hem tassyklady.

Planeta kosmos ölçegleri boýunça uly däl. Ol Ýerden takmynan 1,2 esse uly, agramy-da Ýeriňkä golaý bolup biler. Ýöne ondaky şertler biziň öwrenişen ýagdaýymyzdan birneme üýtgeşik. Meselem, bu planetada bir ýyl bary-ýogy 4 güne çekýär, temperatura hem takmynan 95°C.

TOI-1080 b öz ýyldyzyna örän golaý ýerleşýär. Ol aralyk Ýer bilen Günüň arasyndaky uzaklygyň 2,7%-ne deňdir.

Gyzgynlygyna garamazdan, planeta resmi taýdan ýaşaýyş zolagynda (habitable zone) hasaplanýar. Bu bolsa, belli bir şertlerde onda atmosferanyň — dykyz kömürturşy gazyndan ýa-da hatda kisloroddan ybarat gatlagyň bolup biljekdigini aňladýar. Ýöne muny tassyklamak üçin entek goşmaça barlaglar geçirmek gerek.

Bu ulgamyň diňe bir planetadan ybarat ýaly görünýändigi-de täsindir. Maglumatlara görä, onuň ýanynda meňzeş ululykdaky başga planeta ýok.

Monthly Notices of the Royal Astronomical Society žurnalynda täze planetanyň tapylmagynda ýalňyşlyk döremek ähtimallygynyň 0,2% derejede – örän pesdigi aýdylýar.


düýn 17:37
1.5k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......