ÝUNESKO Ortaýer deňzinde sunaminiň ýüze çykyp biljekdigini duýdurdy

  • 22.03.2026 08:18
  • 5.3k+

ÝUNESKO ýene on ýyl çemesi wagtdan Ortaýer deňzinde sunaminiň ýüze çykmak ähtimallygynyň bardygy hakynda duýduryş berdi. Hünärmenleriň çaklamasyna görä, Fransiýanyň kenarýakalary hem howply zolakda ýerleşýär.

Şol sebäpli gurama bu sebiti doly derejede howpsuz hasap etmeýär. Bu ätiýajyň esassyz däldigini weýran ediji tolkunlaryň Fransiýanyň kenarlaryna çenli ýetip biljekdigini we öň beýle hadysanyň bolandygyny tassyklaýan taryhy maglumatlar hem subut edýär.

Degişli hünärmenler sunaminiň diňe bir ýer titreme arkaly döremeýändigini düşündirýärler. Howpuň emele gelmegine suwasty süýşgünler ýa-da wulkanlaryň atylmagy, şeýle-de portlary suw basmagy we kenarýaka desgalary harap etmäge ukyply güýçli akymlar hem sebäp bolup bilýär.

Muňa mysal hökmünde, 1979-njy ýylda Nissa şäherinde bolup geçen wakany ýatlamak ýeterlik. Gurluşyk işleriniň barşynda suwasty süýşgüniň uly tolkun döretmegi zerarly ýüze çykan betbagtçylykly ýagdaý sekiz adamy heläk edipdi.  

ÝUNESKO Hökümetara okeanografiýa komissiýasy arkaly sunami barada irki duýduryş berýän global ulgamlary utgaşdyrýar. Bu ulgamlar 2004-nji ýylda Hindi ummanynda bolan pajygaly wakadan soň döredildi. Olar datçik  torundan, sebit merkezlerinden we «Sunama taýýarlyk» atly okuw maksatnamasyndan ybaratdyr. Olaryň esasy wezipesi bolsa, kenarýaka çäkleriň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak we ilaty döräp biläýjek howplardan habardar hem taýynlykly etmekdir.


09.06.2026 07:41
10k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
9.3k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....