Tesla Roadster modeli üçin rewolýusion sport oturgyjyna patent aldy: onuň nämesi üýtgeşik?

  • 22.03.2026 03:37
  • 1.4k+

Tesla kompaniýasy geljekki Roadster superkarynda ulanylyp bilinjek täze sport oturgyjy üçin patent aldy. Patent arzasynda monolit karkas — esasy bölegi, arkalygy, kellesindäki söýeg we gapdal diregleri özünde jemleýän bitewi kompozit gabyk beýan edilýär.

Gurluş üçin kompaniýa kewlar we uglerod-neýlon kompozitlerini ulanmagy teklip etdi. Adaty sport oturgyçlary köp sanly aýratyn elementlerden ybarat bolsa, bu gurluş oturgyjyň agramyny azaldýar we berkligini ýokarlandyrýar.

Metaldan ýasalan sazlaýyş mehanizmleri çeýe şarnir bilen çalşyryldy: karkasyň materialy zerur ýerlerinde epilýär, beýleki ýerlerinde bolsa gatylygyny saklaýar. Bu bolsa tizlenmegiň we öwrümleriň wagtynda sürüjiniň has gowy saklanmagyny üpjün edär.

Standart elektro-hereketlendirijileriň deregine oturgyjy bir wagtyň özünde alty ugra süýşürmäge mümkinçilik berýän ykjam aktuatorlary ulanmak teklip edilýär.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask mundan ozal täze Roadster-iň tanyşdyrylyşynyň 1-nji aprelde bolup biljekdigini mälim edipdi. Ikinji nesliň prototipi 2017-nji ýylda görkezilipdi we önümçilige 2020-nji ýylda başlamak meýilleşdirilipdi, emma möhletler birnäçe gezek yza süýşürildi. Täze patentler we aerodinamiki tehnologiýalaryň hasaba alynmagy awtoulagyň seriýalaýyn önümçiligine taýýarlyk görülýändigini görkezýär.


şu gün 14:04
737

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

düýn 11:18
4.4k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

09.06.2026 15:11
3.2k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

08.06.2026 16:02
1.9k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......