Alymlar Ýuwaş ummanda janly-jandarlaryň näbelli 38 görnüşini ýüze çykardy

  • 21.03.2026 14:31
  • 2.6k+

Alymlar Ýuwaş ummanda janly-jandarlaryň täze 38 görnüşini we täze bolup biljek 28 görnüşini tapdy. Bu barada Nippon Foundation gaznasy we «Nekton» kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçirilýän «Ocean Census» taslamasynyň saýtynda habar berilýär.

Barlaglar Ýaponiýanyň az öwrenilen iki sany çuň suwly sebitinde — Nankaý çöketliginde we Sitiýe suwasty dag ulgamynda geçirildi. Ekipažly «Shinkai 6500» enjamy deňiz organizmleriniň 528-den gowrak nusgasyny ýygnady.

Nankaý çöketligine bolan ekspedisiýa doktor Çong Çen ýolbaşçylyk etdi. Bu sebit Tokionyň 500–600 km günorta-günbatarynda ýerleşýär we ýokary geologik işjeňligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde deňiz düýbüniň jaýryklaryndan sowuk çüwdürimler (çeşmeler) urlup çykýar — çuňlukdan ýüzüne metan we kükürtli wodoroda baý suwuklyklar galýar. Bu sebitdäki janly organizmleriň topary energiýany Günüň şöhlelerinden däl-de, eýsem himiki reaksiýalaryň hasabyna alýar.

Ozal şeýle çeşmelerde ýaşaýan jandarlaryň 14 görnüşi mälim bolan bolsa, indi olaryň sany 80-e ýetirildi. Olaryň arasynda:

  • Mollýuskalaryň 33 görnüşi, şol sanda ulitkalar, iki taraply mollýuskalar we ýalpyldawuk gurçuk;
  • Halkaly gurçuklaryň 23 görnüşi;
  • Bognaýaklylaryň 11 görnüşi — leňňeçşekilliler (leňňeçler, krewetkalar we amfipodalar);
  • Nemertinleriň 5 görnüşi (lenta-gurçuklar);
  • Tikenekderilileriň 4 görnüşi (deňiz ýyldyzlary, ofiuralar we deňiz hyýarlary);
  • Çümýän öýjüklileriň 3 görnüşi (zooantidalar, anemonlar we gidroidler);
  • Mşankanyň (Bryozoa) 1 görnüşi.

Sitiýe sebitinde alymlar korall jemgyýetlerini we gubkalaryň ýaşaýan ýerlerini tapdy. Şeýle hem çüýşe gubkasynyň içinde ýaşaýan köp ösüntgili gurçuklaryň täze iki görnüşi beýan edildi we omarlaryň täze bäş görnüşi tapyldy.


17.06.2026 10:34
1.9k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......