BTS-iň Seuldaky konserti Günorta Koreýanyň ykdysadyýetine $900 mln çenli girdeji getirer

  • 21.03.2026 21:31
  • 3.9k+

BTS k-pop toparynyň Seulda geçirilýän konserti Günorta Koreýanyň ykdysadyýetine ýüzlerçe million dollar peýda getirip biler. Bu barada Yonhap News Agency agentligi maliýe ministri Ku Ýun Çhola salgylanyp habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, toparyň täzeden birleşmegi düýpli ykdysady täsir döreder.

"Bu konsertiň trillionlarça won ykdysady peýda getirmegine garaşylýar, ýöne onuň maddy däl täsirleri ençeme, hatda onlarça esse köp bolup biler" diýip, ministr belledi.

Maliýe ministri BTS-iň ýene konsert berip başlamagynyň ýurduň ykdysadyýetiniň janlanmagyna ýardam etjekdigini aýtdy. Şeýle hem ol sazyň Ýakyn Gündogardaky wakalar sebäpli biynjalyk bolýan köp sanly adama umyt berjekdigini belledi.

Koreýanyň medeniýet we syýahatçylyk instituty konsertiň ykdysady täsirini 1,2 trillion won (takmynan 900 million dollar) möçberinde bahalandyrdy. Bloomberg agentliginiň maglumatyna görä bolsa, diňe bir konsert Seulyň ykdysadyýetine takmynan 177 million dollar girdeji getirip biler.

Konsert şu gün Seulyň merkezindäki Kwanhwamun meýdançasynda geçirilýär. Oňa 260 müňe çenli tomaşaçynyň gelmegine garaşylýar.


düýn 19:18
1.9k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

15.06.2026 19:47
3.4k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......