Gurbanguly Berdimuhamedow: Hytaýda ähli zat gowy bolsa, bütin dünýäde hem gowy bolar

  • 21.03.2026 16:48
  • 13k+

Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke interwýu wagtynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa HHR-iň Başlygy Si Szinpini nähili lider hökmünde görýändigi barada sowal berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň Baştutany bilen özüni mähirli dostlukly gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Köp ýyllaryň dowamynda iki döwlet işgäri hem ýurtlaryň arasynda syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýdy, giň göwrümli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirdi, sebit we ählumumy howpsuzlyga hem-de durnukly ösüşe ýetmek üçin tagallalaryny we mümkinçiliklerini birleşdirdi.

«Başlyk Si bilen gatnaşyklarymyz hemişe açyklygy, özara ynanyşmagy hem-de aç-açanlygy bilen tapawutlanýar.

Hytaýyň milli bähbitlerini erjel we aýgytly goramagy, örän möhüm halkara soraglara jogapkärli çemeleşmegi Si Szinpine dünýä derejeli lider hökmünde abraý we hormat getirdi. Onuň ýolbaşçylygynda Hytaý ähli ugurlarda ajaýyp üstünlikleri gazanyp, geljek üçin maksatnamalaryny düzýär» — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we muňa mysal hökmünde Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hem-de Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň ýakynda geçirilen sessiýalarynyň netijelerini belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýyň gazananlaryny we ýurduň lideriniň halkara meýdançasynda öňe süren başlangyçlaryny hem nygtady.

«Başlyk Siniň halkara işi barada aýdylanda, onuň öňe süren dört sany ählumumy başlangyjyny bellemek isleýärin. Olar Ählumumy howpsuzlyk, Ählumumy siwilizasiýa, Ählumumy ösüş, Ählumumy dolandyryş başlangyçlarydyr. Men bu başlangyçlara ähli adamzat üçin strategik ähmiýetli we möhüm şertler hökmünde garaýaryn».

Söhbetdeşligiň ahyrynda ol beýik Hytaý döwletiniň ählumumy durnuklylyk üçin kesgitleýji ornuny nygtady.

«Şunuň bilen baglylykda, sözümiň ahyrynda «Hytaýda ähli zat gowy bolsa, bütin dünýäde hem gowy bolar» diýesim gelýär. Hormatly Si Szinpine — beýik şahsyýet, dünýä derejeli lidere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri, Hytaýyň halkyna bolsa gülläp ösüş arzuw edýärin» — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


düýn 22:20
3.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.5k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....